Gök asmanda Güneş dogdy goşadan
Toýlar gelýär her gün goşa-goşadan
Geljek sary bile basýarys gadam
Nurly geçmiş,Arkadagyň ýoly bar
Arkadagly Serdar bize Howandar!
Aşgabadym seresidir Şäherleň
Çyn bagta ýugrulan oba-şäherleň
Gyzlaryň asylly,ýigitleň merdem
Galkyn Türkmen!Galkynmaga hakyň bar
Arkadagly Serdar bize Howandar!
Bitaraplyk-bütin dünýä görelde
Garaşsyzlyk-döwletlere ýörelge
Älem ýüze sylýar bagtyň görende
Buýsan Türkmen! Buýsanmaga hakyň bar!
Arkadagly Serdar bize Howandar!
Geljegmize hasda saçarys ýalkym
Şu ilde doglanym iň eziz bagtym!
Biz ýaşlar buýsanjy döwletiň,halkyň
Buýsan nesil şu Watanda bagtyň bar
Arkadagly Serdar bize Howandar!
Öwezowa Bilbil,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niñ GDE fakultetiniň 5-nji ýyl talyby