Guşum diýjek däl saña
Uçar gider guşlarda
Mümkin hoş günüm bolup
Terk eýlär ak gyşlarda
Gülüm diýsem açylyp
Erte solaýjak ýaly
Tarypyña hiç ýetmez
Gözel sözleriñ bary
Ömrüm diýsem ömürde
Owal-ahyr soñlanar
Janym diýsem şirin jan
Çykanda il gamlanar
Ne diýsemde men saña
Wah,şondada kem ýaly
Bilýän zadym hiç kimse
Seni söýmez men ýaly
Bagtym diýjek sen bolsañ
Bagtym tükenmez asla
Asla söýgim dözmerin
Ynanaý,senden başga!
Öwezowa Bilbil,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niñ GDE fakultetiniň 5-nji ýyl talyby