Türkmen halky ogul- gyzynyň ylymly, bilimli bolmagy üçin hemişe alada edýän halk. Halk arasynda ylym, bilimiň ýollara ýagtylyk saçyjy gudraty barada köp aýdylýar. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijilikli syýasaty bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen ýurdumyzda ylma, bilime belent sarpa goýulýar.
Ýaşlaryň döredijiligine, olaryň edýän açyşlaryna üns berilýän hem-de sarpalanýan ýurdumyzda gün geldikçe ösýän döwletimiziň güýji elbetde ýaşlaryň döredijiligi bilen gönüden göni baglanşyklydyr.
Dürli ýerlerde ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan dabaralar bilen birlikde , olaryň bilim ulgamyndaky açyşlary barada geçirilýän birnäçe çäreler hem muňa mysal bolup biler.
Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär.ýaş nesilleriň ýurdumyzda edýän açyşlary, ylmy çaklamalarydyr, döredijilikli çemeleşip, döredýän täzelikleri, innowasiýon ösüşlerde hem beýanyny tapýar.
Ýaş nesil bilen durmuşy, işewürligi, gurujylygy hem- de bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni bezeýär.hut şol sebäpli-de ýurdumyzda ýaşlaryň öňe gitmegi üçin, olaryň gelejekde ýurdumyza, döwletimize peýdaly adam bolup ýetişmekleri üçin uly- uly aladalar edilýär.
Olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşlerinde ýaş ýürekleriň joşgunyny öňe çykarýan uly mümkinçiliklere mysallardyr.
Häzirki döwürde oalryň bilimli, ylymly, ugurtapyjy hünärmenler bolmaklary üçin dürli okuw jaýlarynda okamaga, bilim almaga doly mümkinçilikleri bar. Dünýäniň nijeme ýurtlarynda bilim alyp, dürli hünärler öwrenip, tejribe topalamak bilen , dünýä tejribesini öwrenmek bilen birlikde öz ýurdumyzda hem bilim alýan ýaşalryň özara gatnaşyklary, olaryň okuwlaryndaky tejribeçilik işlerini öňe gidirmekleri üçin bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler hem ylymly ýaşlaryň köpelmegine özüniň täsirini ýetirýär.Ylym binýatly döredijilgi ýaşlaryň ylmy gözlegleri her bir döwrüň açyşlaryna basgançakdyr.
Olaryň döredijiliginiň hem-de açyşlarynyň, ylmy nukdaýnazarlarynyň bilim öwrenip, täze manylaryň, mazmunlaryň üstüni açyp, ylmy çaklamalar bilen öz döredijiliklerini subut etmäge bolsa, dürli mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýurdumyzda 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” – diýip, at berilmesi hem biziň ýurdumyzda ýaşlara, olaryň gelejegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir.
Ýurdymyzda öňe sürülýän gök guşak syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda häzirki döwürde topragymyza ideg etmek boýnça ediliýän işleriň üstünlikli amala aşmagyna ýardam berýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýagşy ýörelgeler kämilleşdirilip, dowam etdirilýär.
Dünýä ýüzünde gök guşagy, tebigaty goramak boýunça elbetde uly işler alnyp barylýar munuň özi ilkinji nobatda ynsanlaryň saglygyny aýap saklamak üçin hem- de gelejegi nazarlaýan ýaşaýyşyň iň gymmatly hazynasy bolan nesillerimiziň saglygyny gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak işlerdir. Ýurdumyzda gök guşak syýasaty bieln bagly işleriň alnyp barylmagy, halkymyzyň öz tebigatyny goramakda ýaş nesillere ýörelge görkezmesini saglamagy bolsa, bu günki gün buýsanyp aýtmaga zadyň köpdügini alamatlandyrýar.
Türkmeniň sary donly agras güýzüniň hem özboluşly lezzeti bar. Bu pasylda bilim ojakary hakykatdan hem hyjuw bilen gaýnamaga başlaýar, bilim edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda hem bag ekmek dabarasyna gatnaşýan oglan- gyzlaryňsany barha artýar. Bu pasylda ir-iýmiş ýetişip, bolçulyk döreýär. Daş-töweregimizi gurşap, ömrümizi hem döwrümizi bezeýän ýaşyl baglaram, deňiz-derýalaram, ir-iýmişlerem, janly-jandarlaram biziň goragymyza mätäç. Ýurdumyzyň tebigatyna berilýän üns, onuň goraglylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň iň gözel, iň ajaýyp ýerlerinde adamlaryň dynç almagyny, gezelenç etmegini guramak işlerine berilýän üns has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň halkymyzyň arasynda bolup, bereketli bol hasyl alan daýhanlary gutlamagy eýýäm adata öwrüldi, şol sebäpli hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň aladasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl toýlary hem dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Munuň özi türkmen halkynyň bereketli topragynyň ideginiň ýetikdigini ýene bir gezek subut edýär.
Tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşyk ösdi. Erkana hem merdana türkmeniň giňligine, päk göwünliligine, sahylygyna, jomartlygyna meňzeýän tebigatyň gadyryny bilmek, ony gorap saklamak ildeşlerimiziň baş maksadyna, durmuş dessuryna öwrüldi.Ýurdumyzy gök meýdança öwürmekde nesillere görelde bolýan halkymyzyň gelejegi abadan, ädimleri düşümlidir. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkynyň gije- gündiz aladasyny etmek bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň ýol- ýörelgesini dowam etdirýär.
Müňýyllyklaryň taryhy gadamalry bilen halkymyzyň öňe- bagtyýar geljege , ýaşlary ylym dünýäsiniň sagdyn ölçegne alyp barýan Gahryman Arkadgymyz biziň ýolýörelgämizdir , biz- ýaşlaryň , parahatçylyk söýüji nesilleriň ygtybarly döwlete bolan söýgüsini ýene bir gzek subut edýän mukamymyzdyr.

Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýa fakultetynyň Telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Annageldiýewa Bahar