Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat düýpgöter özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň aladasy bilen düýpgöter üstünlige hem-de görülip- eşidilmedik täzeliklere çaýylan Aşgabat bu günki gün Ýuneskonyň sanawyndaky iň gözel dizaýn şäher hökmünde dünýä özüni tanatdy.Munuň diňe Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen bolmagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk ýolýörelgesinden nusga almagy bilen amala aşmagy bolsa, biz ýaşlary diýseň buýsandyrýar.
Elbetde gözel paýtagtymyz-Aşgabadymyzyň goýnunda ýaşaýan ilatyň sany köpeldi, ilatyň bagtyýar durmuşy öňküsinden has-da artdy. Aşgabat bu gün Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, gözel Aşgabadyň, paýtagtymyzyň ýagty gelejege tarap barýan ýoly, bagtyýar halkly Aşgabada, nurana gelejekli döwletiň paýtagty bolan Aşgabada öwrülmegine getirdi. Yşyklandyryş – elektrik yşyklandyryjylarynyň amatly ýakylmagy, şeýle-de gurnalan programma boýunça onuň derejesiniň kadalaşdyrylmagy. Ýurdumyzda şeýle ajaýyp baýramçylygyň bellenilýän günlerinde Ak paýtgatymyzyň gül görki has- da artýar.Ilata elýeterli bahadan söwda merkezlerini gurup bermek, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň aňrybaş, hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän binalarda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bu günki gün Gahryman Arkadgymyz dünýäniň liderleriniň ýanynda Türkmen halkynyň dünýäniň dostana döwletlerine gol uzatmaga doly mümkinçiliginiň bardygyny subut etdi.
Türkmen paýtagtynyň beýik Garaşszylygymyzyň ýyllary içinde ösüşleri dünýäni haýrana galdyrýar. Munuň özi bu günki gün dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna girmesini saglady. Bu bolsa, biziň başymyzy göge ýetirýär. Ak paýtagtymyzyň goýnunda- jenneti mekanda ýaşaýan halkymyz bolsa, bu gözellikden ganyp bilenok. Häzirki günler paýtagtymyzyň görki has hem artýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň -Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabadyň goýnunda geçiriljek Teatr festiwaly hem “Garaşsyzlyk döwrüniň teatr festiwaly” diýen ajaýyp ada mynasyp bolmak bilen medeniýetimizde hem-de sungatymyzda düýpli özgerişlikleriň bolup geçýändiginiň ýene bir gzek aýdyň subutnamasydygyny görkezýär.Ýene sanlyja günden baýramçylyk dabaralaryna beslenjek Aşgabatda hem-de bütün ýurdumyzda Bitaraplyk baýramynyň dabaraly bellenilmegi bolsa, Gahryman Arkadgymyzyň halky üçin edýän aladalarynyň ýene bir gezek subut etmeginde aýdyň nusga hökmünde ýüze çykýar.
Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalary, Köpetdagyň täsin görnüşleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen täsin görnüşler onuň bezegidir. Aşgabat şäheri gün- günden gülleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň görkli görnüşini dünýäni haýran galdyrdy.
Hut Aşgabat şäheriniň gözelliginiň waspy, onuň beýik binalary, göge uzaýan ajaýyp ýadygärlikleri hem- de bu günki arhitektura – dizaýny bilen özüni tanadan Aşgabadymyz häzirki zaman ülňülere gabat gelýän ajaýyp görnüşi bilen dünýäni haýrana goýýar. Bu gün Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda, bu gün Aşgabat Orta Aziýanyň ýüregi bolup, dünýä şuglasyny saçýar. Täze döwrüň- Berkarar döwletimiziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe şeýle baýramçylyk dabaralarynyň has- da ýokary göterilmesi ýer ýüzünde türkmen döwletiniň has- da beýgelýändigini görkezýär.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlanýan halkymyz bolsa , bu gün Bagtyýarlygyň röwşen gadamlary bilen öňe barýar. Baýramçylyk çäreleri bilen dabaralanýan türkmen diýarymyzyň derejesi gün- günden artýar. Bitaraplyk baýramy biziň buýsanç baýramymyzdyr.

Sähra Muhammetrustemowa

Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2 –nji ýyl talyby