Kedr sosnasy Sibirde we Uzak Gündogarda duş gelýär. Aslynda seredenimizde, sosnanyň tohumy iýilmeýär. Emma, sibir kedr sosnasynyň tohumy iýmit üçin ulanylýar. Sibir kedr sosnasynyň tohumyna başgaça, kedr hozy hem diýilýär. Kedr hozy saglyk üçin örän peýdaly hasaplanýar. Onuň hozy ýürek-damar ulgamynyň, iýmit siňdirişiň, nerw ulgamynyň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Kedr hozy daýanç-hereket ediş ulgamyny, dişleri, süňki berkidýär we bedendäki madda çalşyk hadysasyny sazlaýar. Kedr hozunyň düzüminde beden üçin zerur bolan 19 sany aminokislota saklanýar. Mundan başga-da, kedr hozunyň düzüminde sink, mis, demir, magniý, fosfor, ýod, nikel, molibden, kremniý, kalsiý, kaliý ýaly elementler we A1, B1, B2, E ýaly witaminler hem saklanýar.
Kedr hozy berhizli adamlar üçin gymmatly önüm hasaplanýar. Kedr hozunyň berhizliler üçin esasy önüm bolýanlygynyň sebäbi, ol organizmde holesistokinin garmonyň işleýşini stimulirleýär. Ol aşgazanyň nemli gatlagyndan duz kislotasynyň bölünip çykyşynada täsirini ýetirýär

Kedr hozyndan dürli işdäçarlar hem taýýarlanylýar. Kedr hozundan alynýan ýag önümleri organizm üçin siňňitliligi bilen beýleki ýaglardan tapawutlanýar. Onuň ýagy saçyň düşmeginiň öňüni alýar. Olardan ýüz üçin ýörite ýapgylar (maskalar) taýýarlanýar. Taýýarlanylýan ýapgylar derini çyglandyryp, arassalamaga kömek edýär.
Kedr sosnasynyň hozy sentýabr-oktýabr aýynda ýygnalýar. Onuň gabygy aýrylmaýar. Eger, gabygy aýrylsa günüň güýçli düşmegi bilen kedr hozunyň peýdaly alamatlary ýitýär. Gabygy aýrylan kedr hozy gaplanyp, sowadyjylarda saklanýar. Has takygy, gabygy aýrylan kedr hozyny sowadyjylarda alty aýa golaý, doňduryjylarda bolsa bir ýyla golaý saklap bolýar.
Lukmanlar tarapyndan organizm üçin kesgitlenen kada laýyklykda, kedr hozunyň gündelik kadasy uly ýaşly adamlar üçin 25-30 g, çagalar üçin bolsa 15-20 g hasaplanýar.

Begençmyrat Atayew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.