Suwasty dünýäsi özüniň täsinlikleri, özboluşly jandarlary bilen tapawutlanýar. Zeminiň suwasty dünýäsi entek açylmadyk syrlardan doly. Suw jandarlary biosferamyzda möhüm orny eýelemek bilen, olar iýmit zynjyrynyň aýrylmaz bölegi hökmünde, beýleki ähli janlylar bilen bilelikde tebigatyň aýlanyşygyny üpjün edýär. Şolardan ylmy ady “Stegastes nigricans” bolan rif balyklary oba hojalygynyň bir görnüşi bilen meşgullanýar, ýagny ösümlige ideg edip, “hasyl ýygnamak” üçin belli bir suwoty görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Bu tebigy hadysanyň jikme-jik maglumatlary Kýoto we Ehime uniwersitetleriniň biologlary tarapyndan toplanyldy. Alymlar has anyk maglumat toplamak üçin Müsürde, Keniýada, Maldiwlerde, Taýlandda, Borneo we uly Barýer rifinde merjen gaýalaryny gözden geçirdiler we “ekerançylygyň” bu balyklaryň hemmesine mahsusdygyny ýüze çykardylar. Aýratyn hem, Hindi ummanynda we günbatar Ýuwaş ummanyndaky bu balyklaryň döreden plantasiýalardan täsirli maglumatlar alyndy.
Bu balygyň daşky görnüşi, reňki gaty bir göze ilmeýär, ululygy takmynan 12 sm. Olar beýlekilerden köplenç balyklar üçin häsiýetli bolmadyk oturymly durmuş ýörelgesi bilen tapawutlanýar. Olarda ösümlik öýjükleriniň gaty öýjük diwarlaryny siňdirmäge kömek edýän aşgazan fermentleri ýok, şonuň üçin olar ýumşak, aňsat siňdirilýän gyzyl deňiz suwotulary bilen iýmitlenýärler. Şu ösümlikler bu balyklaryň iýmitiniň 90%-ini emele getirýär. Galan 10% bolsa dürli oňurgasyz jandarlardyr. Suwotular olar üçin esasy ýag kislotalarynyň başlangyç çeşmesi bolup hyzmat edýär, ownuk oňurgasyzlar bolsa olaryň bedenini azot bilen üpjün edýär. Bu balyklar öz ýaşaýan ýerlerinde suwotulardan ybarat özboluşly “fermalary” döredip, ösdürýärler. Onuň ululygy A2 ölçegli kagyz sahypasyndan tennis stolunyň ululygyna çenli bolup bilýär. Olar öz “ekin meýdanlaryny” beýleki jandarlardan goramaly bolýarlar. Täsin ýeri, olar hatda adamlardan hem gorkmaýarlar, şonuň üçin bu ýagdaý olary synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik bolup hyzmat edýär.
Balyklar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän suwotularyň käbir görnüşleri mysal üçin, Polysiphonia we Womersleyella setacea suwotulary diňe bu balyklaryň “baglarynda” bolýar. Stegastesler polisifoniýadan başga görnüşdäki suwotulary gören badyna derrew aýyrmak bilen bolýarlar. “Baglar” nesilden-nesle geçip gelýär we bu bolsa ösümlik sporalary ýa-da ösümlik bölekleri sebäpli mümkin bolýar. Stegastes balyklary diňe bir suwotlary ösdürmek we goramak bilen çäklenmän, dökün hem berýär, ýagny ýokarda belläp geçişimiz ýaly, stegastesler üçin azotyň çeşmesi ownuk oňurgasyzlardyr. Olar şol oňurgasyz haýwanlaryň dürli organiki düzümli galyndylaryny toplaýar. Bu galyndy önümlerinde bolsa ammiak görnüşindäki azot bar. Alymlaryň pikiriçe, polisifoniýa suwotularyna ideg etmek zerur, ýogsa olar çalt ölýärler, çünki olar gaty näzik bolýar. Birinjiden, köp häsiýetli we köp görnüşli deňiz durmuşy olary iýmegi gowy görýär. Ösümligiň bir bölegi iýlensoň, ol gaty haýal dikelýär. Ikinjiden, bu suwotularyň ösýän ýerine başga bir görnüş girizilse, belli bir wagtdan soň bu suwotular ýitip gidýär we täze görnüşe ýerini berýär. Şeýlelik bilen, polisifoniýa suwotulary bu balyklara garaşly bolup, olar balyksyz ýaşap bilmeýärler. Başga bir tarapdan, Stegastesiň öz “ekin meýdanlary” üçin polisifoniýa suwotularyny saýlamagy tötänden däl. Bu balyklaryň özleri-de gaty ysgynsyz, çalasyn däl we olar diňe şeýle suwotular bilen iýmitlenýärler.
Aslynda munuň özi tebigatda janly-jandarlaryň arasyndaky simbiozyň bir mysalydyr. Ýagny bu gatnaşyk iki tarapyň hem bilelikde ýaşamagyndan belli bir derejede peýdalanýandygyny aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, oba hojalygynda adam bilen onuň ösdürip ýetişdirýän ösümlikleriniň arasynda hem edil şol bir gatnaşyk bar diýip aýdyp bileris.
Dosçanowa Firuza,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.