Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oba hojalygyny özgertmek hem-de ösdürmek, sahawatly ene topragymyzyň berekediniň has-da artmagyny ylmy esasda gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler her bir Türkmenistanlyny beýik tutumly işlere ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr.
Oba hojalygynda hem ýerden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär we şonuň netijesinde, pudakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen daýhanlaryna döwletimiz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň oba hojalygyny düýpli özgertmek we ýokary depginler bilen ösdürmek, ene topragymyzyň berekedini artdyrmak we gurplulygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda telekeçileriň we hususyýetçileriň oba hojalygyna giňden çekilmegi ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, pes hasyl berýän ýerleriň hasyllylygyny dikeltmäge, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.
Agrosenagat toplumynda hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda bäsleşige ukyply azyk önümleriniň öndürilmegi azyk bolçulygynyň döredilmegi hem-de eksport mümkinçiliginiň giňişleýin ýola goýulmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly ekinler bilen bir hatarda halkyň isleg bildirýän ekinlerini ösdürüp ýetişdirmek we maldarçylyk önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda oba hojalygynyň giň gerimli özgertmeleriniň çäginde «Oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlaryna ýer böleklerini bölüp bermegiň hem-de ondan peýdalanmagyň Tertibine» laýyklykda, ýer böleklerini peýdalanmaga 99 ýyl möhlet bilen berilmegi hem oba zähmetkeşleriniň ýere bolan islegini has-da artdyrdy.
Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda alyp barmak, önümçilige dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň ýerli toprak-howa şertlerimize uýgunlaşan, ir bişip ýetişýän, bol hasyl berýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlaryny döretmek we olaryň tohumçylyk işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Begenç Meretkylyçew,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ mugallymy.
Gunça Ömürsöýunowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň , Agronomçylyk fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby·

RU












