Ätiýaçlandyrma – bu iki taraplaýyn baglanylan şertnama garaşylmadyk hadysalar ýüze çykan wagtynda, şertlere laýyklykda zyýan çekilen emlägiň we beýlekileriniň öwezini bellenilen göterim gatnaşyklaryna baglylykda ätiýaçlandyrma töwekgelçiliginiň paýlanşmagyna aýdylýar.
Ätiýaçlandyrma polisi 3 görnüşe bölünýär.
I – obýekt ätiýaçlandyrylýar, ýagny belli bir wagt belligine;
II – garşylyk polisi – bu belli bir wagt we möhleti takyklanmadyk ätiýaçlandyrma aýdylýar;
III – baş polis – uzak möhletli
Ätiýaçlandyryşyň ykdysady mazmunyny kesgitlemek üçin onuň üstünliklerini üpjün edýän esasy maksatlaryna we wezipelerine ýüzlenmegi ýeterlikdir. Ätiýaçlandyryşyň esasy maksady ätiýaçlandyryş halatlary diýip atlandyrylýan netijeleri oňaýsyz ýa-da oňaýly wakalaryň netijesinde ýüze çykýan hadysalardan önümçiligiň, gaýry jemgyýete bähbitli işleriň bökdençsizligini, gazanylýan sepgitde ýa-da belli bir derejede saklanylmagyny hem-de kadaly girdejiligi, adam ömrüniň ösüş derejesini we durmuşyň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ätiýaçlandyryşyň bu maksadyna hojalyk gatnaşyklarynyň subýektleriniň, raýatlaryň nukdaý nazary bilen garanyňda ätiýaçlandyryşy olaryň emläk bähbitleriniň haýsy hem bolsa bir garaşylmadyk, howply ýa-da durmuş derejesini peseltmäge ukyply tötänleýin hadysalardan gorap biljek gural hökmünde göz öňünde getirmek bolar.
Ätiýaçlandyryş – şahsy we hukuk taraplaryň ätiýaçlandyryş guramasyna töleýän ätiýaçlandyryş tölegleriň hasabyna döredilýän we belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlar) ýüze çykýan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş töleginiň amala aşyrmaklyga niýetlenen pul serişdeleriniň we beýleki gorlary emele getirýän, şahsy we hukuk taraplaryň emläk we gaýry bähbitlerini goramaklyga gönükdirilen yzygiderli gatnaşygydyr.
Ätiýaçlandyrma gulluklary . Ätiýaçlandyryşyň esasy maksady – ätiýaçlandyryş halatlary bolan oňaýly we oňaýsyz wakalaryň netijesinde ýüze çykýan hadysalardan önümçiligiň jemgyýete bähbitli işleriň bökdençsizligini, gazanylan sepgitde saklanylmagyna hem-de kadaly girdejiligi, adam ömrüniň ösüş derejesini we durmuşyň durnuklylygyny üpjün etmekdir.
Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş guramasy halkara ýüklerini daşamaklygy amala aşyrmakda gümrükhana gulluklarynyň öňünde daşaýjylaryň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylyşy boýunça şertnama baglaşýarlar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyla çenli we ondan hem köp möhlete baglaşylýar.
Awtodaşaýjy halkara ýüklerini daşamaklygy amala aşyranda göz öňünde tutulýan amallary ýerine ýetirmek bilen bagly raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.
Halkara ýüklerini daşamaklyk. Bu ýükler daşalanda ugradylýan gümrükhanadan bellenen gümrükhana çenli aralykda ýüki ýüklemän, düşürmän, bir ýa-da birnäçe serhetden awtoulag serişdesi bilen äkidilmegi diýilip düşünilýär.
Ätiýaçlandyryş guramalary aşakdakylara ätiýaçlandyryş goragyny üpjün edýär:
gümrük gullugynyň kanunlarynyň we kadalarynyň esasynda ýükleri daşamaklyk, amallary geçirmek boýunça bozulmalar üçin, awtodaşaýjylaryň gümrük gullugynyň öňünde gümrük kazyny, ýagtyny we gaýry tölegleri tölemek boýunça jogapkärçiligini;
zyýanyň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak (eger-de ýol ulag hadysa ýüze çykanda).
Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş özbaşdak pudaga öwrüldi. Ätiýaçlandyryşyň özi ätiýaçlandyrýany maliýe we durmuş babatynda düýpli özgertmelerden, dürli tebigy hadysalardan we betbagtçylykdan ekologiki taýdan zyýanly önümçilikden goramaga ukyply.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Meredowa Ogulnur

RU












