Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özgertmeler syýasatyny amala aşyrmak bilen medeniýet diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýar, bu bolsa özüniň oňyn netijelerini berýär hem-de sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamyndaky türkmen-türk gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Türkiýe ençeme gezek özara Medeniýet günlerini geçirdiler. Türk alymlary, sungat ussatlary, döredijilik işgärleri ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşýarlar.
Ine häzirki wagtda hem ýurdumyzda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze möhüm goşant bolar. Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli öwüşginli bolup, türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine we ösüş meýillerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen-türk gatnaşyklary köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki doganlyk halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm şert bolup durýar.
Umuman, ildeşlerimizi dostlukly ýurduň baý sungaty bilen tanyşdyrýan Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çäreler halklarymyzyň ýakyndygyny, olaryň taryhy we ruhy özara baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Eneş ÖDEKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

RU



