Häzirki zaman jemgyýetimizde beýni işjeňligi ynsan üçin örän zerur bolup durýar. Ony yzygiderli artdyryp durmak bolsa döwrüň derwaýyslygydyr. Çünki her gün uly möçberdäki maglumatlar akymyny öz üstünden geçirýän beýnimizde olary netijeli özleşdirmek üçin konsentrasiýanyň ýokary bolmagy hem-de ýadyň çarhlanyp durmagy hökmanydyr. Biz size beýni işjeňligini artdyrýan dört sany tebigy içgi barada maglumat taýýarladyk.

1. Kofe biziň günlerimizde iň meşhur içgileriň hataryna girýär. Düzüminde kofeiniň bardygy sebäpli ol biziň beýnimiziň işjeňligine oňyn täsir edýär. Alymlar indi telim ýyllardan bäri kofeniň pikriňi jemlemekde we ýady gowulamakda peýdasy barada nygat gelýärler. Mundan başga-da, kofe içmek alsgeýmer keseline sezewar bolmak howpunyň hem öňüni alýar.

2. Gök çaýyň düzüminde-de kofeiniň bardygyny, megerem, köpimiz bilýän däl bolsak gerek. Onuň düzümindäki kofeiniň mukdary kofeniňkä garanyňda, az bolsa-da gök çaý ünsi jemlemekde we bedeni gurplandyrmakda örän peýdaly içgi hasaplanylýar.

3. Apelsin şerbeti beýnimiz üçin zerur bolan C witaminiň örän köp mukdaryny özünde saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Ganyň düzüminde bu witaminiň köp bolmagy adamyň ýatkeşlik ukybynyň güýçlenmegine hem-de daşary ýurt dillerini aňsat özleşdirmegine şert döredýär.

4. Kefir probiýotiklara örän baý bolup, ol beýniniň işjeňleşmegine juda peýdaly hasaplanylýar. Şeýle-de kefir iümeklik organizmde peýdaly bakteriýalaryň köpelmegine hem oňyn täsir edýär. Eger-de siz kefiri kän halamaýan bolsaňyz, ony ýogurt bilen çalşyp hem bilersiňiz. Edil kefir ýaly ýogurt hem öz düzüminde beýni üçin zerur bolan fermentleriň köp mukdaryny saklaýar.

Allaberdiýewa Aýşat.

Türkmen Oba hojalyk
institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.