Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasyny, amaly-haşam sungatyny, egin-eşigi dizaýn ugry boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Şonuň bilen bilelikde Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäklerinde 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Türkiýäniň dokmaçylyk atlasy” atly dokma önümleriniň sergisi we zenan lybaslarynyň görkeziliş dabarasy üstünlikli geçirildi. Bu sergide zenanlaryň milli lybaslary olaryň matalarynyň ýüpekden edilmegi hem-de nagyşlarynyň nepislik bilen ýerine ýetirilişi we olar barada giňişleýin maglumatlary berýän birnäçe kitapçalar, kataloglar görkezildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Emine Erdoganyň hemaýatynda, Milli Bilim ministrliginiň ýanyndaky Kämilleşdiriş institutlary tarapyndan Stambul Dokma we çig-mal eksportçylar birleşiginiň goldaw bermeginde durmuşa geçirilen “Türkiýäniň dokmaçylyk atlasy” taslamasy türk milletiniň dokmaçylyk medeniýetini gorap saklamagy maksat edinýän bir medeni miras taslamasydyr.
“Türkiýäniň dokmaçylyk atlasy” taslamasy arkaly Anadolynyň baý dokmaçylygyny öwrenilip toplanan maglumatlary ýeke-täk bir ýerde jemlemek, Anadola mahsus bolan dokma önümlerini kesgitlemek, kitapçyga ýerleşdirmek, adaty usul bilen öndürilenleri goramak we şeýlelikde, adaty elde dokalan önümleriň asyl nusgalaryna laýyk görnüşde gorap saklamak we geljege geçirmek maksat edilýär.
“Türkiýäniň dokmaçylyk atlasy” atly ýygyndysy elde dokalan önümleri, döwrebap ulanyp boljak we geýip boljak önümlere öwürmegi we türk dizaýnerleriniň teswirlemeleri bilen görkrzilmegi maksat edinýär. Ýygyndy bu gymmatly matalary “Geçmişden geljege” temasy bilen günüň islendik wagtynda, islendik ýerde ulanylyp bilinjek köp ugurly dizaýna öwürmek hem-de gadymyýetden gelýän medeniýetiň baýlygyny we estetiki güýjüni dowam etdirmek üçin taýýarlanyldy. Sergidäki lybaslarynyň görkezilişinde “Alaja dokma önümi”, “Boýabat halkasy”, “Buldan hoşgör dokma önümi”, “Ehram dokma önümi”, “Ibejik dokma önümi”, “Ýüpek dokma önümi”, “Keýfiýe dokma önümi”, “Kutnu dokma önümi”, “Sof dokma önümi”, “Şal şepik dokma önümi”, “Şile dokma önümi” ýaly birnäçe dokma önümleriň görnüşlerinden taýýarlanylypdyr.
Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde “Türkiýe ýüzýyly” görüşi bilen New Ýorkdaky Türk Öýünde geçirilen “Türkiýäniň dokmaçylyk atlasy” sergisi bilen başlan halkara serginiň we lybaslarynyň görkezilişiniň ikinjisini Türkmenistanda Türkiýäniň medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilmegi taslamany has-da ähmiýetli edýär.
Ýurdumyzda Türkiýäniň medeniýet günlerine bagyşlanan bu medeni çäre türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň hem üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Bu çäräniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilmegi hem talyp ýaşlaryň türkmen-türk gatnaşyklaryna we baý taryhy bolan medeniýetimize bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Aýzada Bekiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.