Injir – tutlar maşgalasyna degişli bolup, ol 53 sany urugdan ybarat. Ýer şarynyň tropik we subtropik etraplarynda ýaýrandyr, 1000-e golaý görnüşi belli. Önümçilikde giň ýaýran görnüş adaty injirdir, ol ýapraklary dökülýän gyrymsy ösümlikdir, beýikligi 4-5 m. Has ýyly ýurtlarda injir uly bag görnüşinde bolup, beýikligi 12-15 metre ýetýär. Häzirki zamanda köp sebitlerde injir miwelileriň içinde iň wajyplaryň biridir, injir gadym wagtdan bäri ösdürilip ýetişdirilip gelýär we Aziýada 5000 ýyldan bäri ekilýär. Ýabany görnüşde Ortaýer deňziniň töwereklerinde, Kiçi Aziýada, Hindistanda, Türkmenistanda ak, sary, gara, gök miweli görnüşleri duş gelýär. Medeniýetleşdirilen miweli ösümlik görnüşinde injir Azerbaýjanda, Gruziýada, Türkmenistanda, Täjigistanda we başga ýurtlarda ekilýär. Umuman dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunda ony senagat önümçilik maksady bilen ekýärler. Öndürilýän önümiň ýarsyny Ýewropa ýurtlary berýär. Bulardan başga-da Ýaponiýa, Afrika ýurtlary, ABŞ, Braziliýa, Awstraliýa ýurtlarynda injir öndürilýär.

Injiri öndürmegiň has amatly ýeri hökmünde Türkmenistan ýurdumyzyň günorta-günbatar bölegi we Azerbaýjanyň birnäçe etraplary hasaplanýar. Injiriň ýapraklary iri, nobatlaýyn ýerleşen, 3-5-7 barmak şekilli ganata meňzeş. Ýapraklaryň goltugyndan iki tipli gül çogdumy saklaýan gysgaldylan gül emele getiriji baldaklar emele gelýär. Injiriň gülleri bir jynsly hem iki öýli, ýapyk gülleri gül haltjygynyň içinde ýerleşýär. Gül haltjygynyň üçinde 800-den 1500 çenli maýda güljagazlar ýerleşen. Injir birnäçe gezek gülleýär, bahar we tomus möwsüminde, awgust-sentýabr aýlary bişip ýetişýär. Ýaşaýyş döwri 30-60 ýyl, kä halatlarda ondan hem köp ýaşaýar. Subtropiki miweli baglaryñ arasynda injir suwy köp talap edýär. Üç we bäş penjeli uly ýapraklaryndan gektardan 14-18 tonna suw bugardýar. Injir bir ýylyk çybyklary, düypden çykan ösüntgileri bilen köpeldilip 8-9 aýyň dowamynda gowy kökli nahallar ösdürilip ýetişdirilýär.

Miwesiniň gabygy ýuka, daşy hem ownuk tüýjagazly. Onuň reňki sortuna baglylykda sary reňkden garamtyl-gök reňke çenlidir.

Injir miwesiniň himiki düzümi. Onuň 100 gr miwesinde 66 kaloriýa energetiki gymmatlygy bar. Bişen miwe öz düzüminde köp mukdarda şeker saklaýar, ýagny 20-26%, guradylan miwesiniň düzüminde 50-75% çenli bolýar. Ondan başgada miwesiniň düzüminde organiki kislotalar, aşgarlaýjy maddalar, beloklar we ýaglar bar. Witaminlerden beta-karotin, B1 we B3, rutin, С, P witamini saklanýar. Düzüminde mineral maddalaryň saklanyşy boýunça injir miweleriň we iýmişleriň arasynda öňdäki hatarda durýar. Miwesinde kaliý, natriý, kalsiý, magniý, fosfor, demir, mis, kükürt we başgalar hem bar. Guradylan miwelerinde 50-77% şeker bolup, ol ýokary kaloriýaly iýmit hasaplanýar.

Hojalyk ähmiýeti. Injir köptaraplaýyn ulanylýan miweleriň hatarynda durýar, ol terligine, guradylan we gaplanan görnüşinde iýilýär. Täze bişen miwelerinden mürepbe taýýarlanýar. Öňki wagtlarda injirden un alnyp, ondan hem injir çöregi ýapylar eken. Şeýle-de gadym zamanlardan bäri injir lukmaçylykda ulanylypdyr. Derman ýasamak üçin injiriň ýapraklary guradylyp peýdalanylypdyr.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.