Sport dünýäsi täsin.Onuň bilen meşgullanýan adma hiç wagt ony taşlap bilmeýär, ondan daşlaşyp hem bilmeýär. Çünki adam teni hem edil agaçlar ýaly, herekete, suwa, howa, şemala, ýagyşa- gara mätäçdir.Tebigy hadysalara mätäçlik agaçlaramahsus bolşy ýaly, herekete mahsuslyk hem adam bedenine mahsusdyr. Ýöne diňe sport bilen çäklenmän , eýsem onuň gigeniki ýagdaýlaryny
ehm amal etmek eýsem bu sport medeniýetiniň bu güne çenli gazanan netijelerinden biridir. Sport oýunlary oýnalýan wagtynda hem-de şol oýunlaryň oýnalanynandan soň ýa- da öň sport bilen baglanşykly işleri ýerine ýetirmek , suwa düşmek,eşik çalyşmak, şeýle- de açyk howa çykmak baradaky hünärmenleriň pikirlerini öwrenmek bu günki gün sagdyn nesli kemala getirmek üçin edilýän iň uly aladalaryň biridir. Çagalaryň eşiklerini çalyşmak,olaryň gezelençde bir ýerde oturan ýagdaýlarynda ýörüte kömekçiler arkaly eşiklerine serenjam bermek ýa-da eşikleriniň arassaçylygyna gözegçilik etmek meseleleri hem bu işleri ýokary hilli amala aşyrmaga kömek edip biler. Şeýle- de çagalar topralarda bolan wagtlarynda olary häli- şindi eşiklerine serenjam berip, daşaryk oýnamaga çykylanda hem örän ünsli bolmak,olaryň eşiklerinden başga- da gigeniki düzgüni hökmany suratda ýola goýmak örän gowy gözegçilik edilmeli düzgünleriň biridir.Esasan hem çagalaryň aýak gaplaryna örän ünsli çemeleşmelidir. Çünki çagalary bir ýerde oturtmak mümkin däl, olaryň aýakgaplaryny çalyşmazlyklaryny gazanmak, ýa- da ellerindäki oýunjaklary çalyşmak esasan gözegçilik edilmeli işleriň biridir. Sebäbi çaga näçe özbaşdak bir zady hereket arkaly düşündirýän bolsa, şol eşik meselesinde- de, iýmit meselesinde- de örän ägä bolmaly zatlaryň biridir. Şol sebäpli-de çagalara berilýän dürli hili sport çäresi üçin ulanylýan serişdelere seresaply çemeleşmegi başarmaly. Çagalar bilen sport çärelerini geçimek üçin niýetlenen topy hem- de çaga ulaglaryny hökman ýanyň bilen alyp gitmeli.Ýokarda agzalan zatlaryň hemmesi çaganyň işjeň durmuş obrazyny has- da işjeňleşdirmäge öz örän uly täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillerimize baglydyr.Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir. Bilim, ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Biz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylym-bilime uly sarpa goýup gelýän dörediji halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant boljak beýik işlere, täze ylmy açyşlara garaşylýar. Biz ylym ulgamynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem ony döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, ýaşlary ylma giňden çekmek, ýaşlarda talyplyk döwründen başlap täzeçilige, gözleglere, açyşlara höwes döretmek, olaryň bilimlere hyjuwyny artdyrmak, örän uly aň-bilim mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döredýäris. Ýaşlar biziň geljegimizdir.

Agaly Jumanazarow

Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
Gözegçiligiň taýýarlyk ugurunyň 2-nji ýyl talyby