Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Döwlet Baştutany Baş arça tarap ugrap, Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekleýär. Ýaş artistleriň döredijilik çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.

Baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar — döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Dabara geçip barýan 2019-njy ýylyň nyşany bolan ýekegapanyň hem-de ýetip gelýän 2020-nji ýylyň nyşany syçanyň keşbini janlandyran çagalaryň hem gatnaşmagy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şadyýan çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly höwes bilen tomaşa etdi.

Köp öwüşginli çykyşlar tamamlanandan soň, çagalar döwlet Baştutanyndan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş edýärler.

Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz çagalar bilen Baş arçanyň öňünde ýadygärlik surata düşýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.