Magtymguly Pyragy diýlende, akyldar şahyryň halkymyzyň aňyna, ruhy dünýäsine ornaşan, durmuşynyň bölegine, terbiýeçilik ýörelgesine öwrülen öçmez-ýitmez döredijiligi seriňe gelýär. Edebiýat äleminiň beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli meseleleriň çözgütlerini, pelsepewi garaýyşlaryň giden toplumyny özünde jemleýär. Şahyryň şygyrlar dünýäsi nusgalyk terbiýe mekdebidir. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde alymlar, edebiýaty öwrenijiler, magtymgulyşynaslar üçin şahyryň döredijiligini, golýazmalaryny ylmy esasda öwrenmäge giň şertler, uly mümkinçilikler döredildi.
Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz edebi hem-de medeni mirasymyzy öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berýärler. Döredijilik işgärlerini mydama goldap durýarlar. Umumadamzat şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen şu günlerden baýramçylyk çärelerine badalga berildi. Häzirki wagtda şanly sene mynasybetli Köpetdagyň eteginde beýik şahyryň uly ýadygärligi gurulýar. Başyny Asmana diräp duran şeýle belent ýadygärlik külli türkmen il-ulsuny buýsandyrýar. Bu uly tutumlar türkmen halkynyň beýik şahyra bolan çäksiz söýgi-sarpasynyň nyşanydyr.
Magtymguly Pyragy asyrlaryň we nesilleriň şahyrydyr. Onuň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, dünýägaraýşyň giňelýär, seniň öňüňde täze bir dünýä açylýar. Ajaýyp zamanamyzda dana şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Beýik akyldaryň goşgulary her bir geçýän sapagymyzy many-mazmun taýdan baýlaşdyrýar, okuw-terbiýeçilik işine täzeçe röwüş çaýýar. Bilim işgäri hökmünde bu döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden hoşallyk bildirýäris. Edebi mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Abdyýewa Merjen,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.