Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ylym-bilimiň jemgyýetçilik durmuşyndaky eýeleýän orny has-da ýokarlanýar, bu ugurda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen degişli maksatnamalar kabul edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda  terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Şeýle-de bilim bermek işinde täze tehnologiýalaryň giňden ulanylyp başlanmagy okatmagyň usulyýetine, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna hem itergi berýär. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýeti barha baýlaşýar, alnyp barylýan okuw işleri daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda amal edilýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem daşary ýurt dillerini okatmagyň hiliniň dünýä ölçegleriniň kadalaryna laýyk gelmegine uly orun berilýär, talyp ýaşlaryň okuw sapaklaryny doly özleşdirmegi, olaryň dünýä dillerinde suwara gürlemegi üçin okuw işiniň kämilleşdirilmegi esasy üns merkezinde saklanylýar.
Dünýä dilleri öwretmegiň dürli usullaryna bagyşlanyp ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän daşary ýurt dillerindäki ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik hem ylmy bäsleşikler, onlaýn duşuşyklar ýaşlaryň hünärmenleriň hünär taýdan kämilleşmegine uly ýardam edýär. Dil öwrenmekde audio we wizual tehnologiýalaryň utgaşdyrylyp öwrenilmegi usullaryň netijeliligini has hem artdyrýar, daşary ýurt dillerini öwrenmekligi ýaşlaryň arasynda gündelik kada öwrülmegine itergi berýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” örän ähmiýetli bolup çykyş etmek bilen, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, bilimiň hiliniň ýokarlanmagyny, netijeli okuw-döredijilik işini ele almagy üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işläp taýýarlanylýar. Ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegiň zerurdygy talyp ýaşlara giňden düşündirilýär, şeýle hem okuw maksatnamalary her bir hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda işlenip düzülýär. Okuw derslerinde häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy özleşdirilýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň ylymly-bilimli ýaşlara  baglydygyny hemişe nygtaýar. Biz ýaşlar hem özümize bildirilýän beýik ynama jogap edip, yhlasly okap, öwrenip hem döredip, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys!

EÝEBERDIÝEWA Dursun,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty