Çöl syýahatçylygynda gezelençler çölüň ymgyr-ymgyr depelerini düýeli, atly ýa-da çöl çägesinde ýöremäge uýgun awto-moto ulagly geçmeklik, çölüň käbir gözel künjeginde eglenip dynç almaklyk, ýa-da jöwzaly ýowuz çölüň alaňlaryny pyýada ýagdaýda geçmekligiň hötdesinden gelmeklik maksady bilen guralýar. Çöl syýahatçylygyny amala aşyrýan kişiniň suw üpjünligi ygtybarly, şonuň ýaly-da ýakyjy Gün şöhlesinden goraýyş esbaplary taýýarlykly ýagdaýda bolmagy esasy talap bolup durýar.
«Çöl syýahatçylygy» bu adalga köp ülkeleriň syýahatçylyk ulgamynda ýokdur we ol ýurtlarda çölüň ýokdugy muňa sebäpdir. Bu syýahatçylyk adalgasyny diňe çöl baýlygyna eýe bolan ülke ulanyp biler. Biziň Garagum çölümiz dünýäniň meşhur çölleriniň biridir. Onuň hiç zat bitmeýän «öli çöl» däldigini geograflar belläp geçýärler. Çägeli çöllükdäki çöl ösümlikleriniň tokaýlygy reňbe-reň gök-ýaşyllyga basyrylan ýaşaýşyň hakyky mekanydyr. Ýiti Günüň ýagtylygynda, çölüň ymgyr-ymgyr depeleriniň içinde goýy ýaşyl öwsüp duran, gara ojaryňdyr-sazagyň gür agaçlary ösüp otyr. Gün yşgyna altyn öwüsýän ojar baldaklarydyr-pürleriniň arasynda, käte olardan saýlanyp, gyzyl gandymyň kiçi bolmadyk miweleri kapasaň aňyrsynda görünýän gülgüne tuty ýaly yşyklanyp görünýär.
Käte-käte türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem çöl içine syýahata çykýar hem-de ajaýyp türkmen tebigatyndan we topragyndan diýseň täsirli ruhy lezzeti alyp gidýär. Çöle syýahata çykmaklygyň, çölüň arassa howasyndan nepesiňi doldurmaklygyň we gum gözelliginden lezzet almaklygyň özboluşly bir ýakymly täsiri bar.

Abdullaýew Tahyr,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.