Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň esasy ýollarynyň biri hem, ekinlere zyýan berýän mör-möjekleriň, keselleriň we haşal otlaryň ýetirýän zyýanyny kemeltmek hasaplanýar. Sebäbi zyýanly mör-möjekler, dürli keseller we haşal otlar tarapyndan her ýylda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň 12 %-ne zyýan ýetýär. Häzirki döwürde bütin dünýäde ekinleri goramak maksady bilen çykarylýan harajatlaryň ösüş depgini oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artyşynyň ösüş depgininden, takmynan 4-5 esse öňde barýar. Diýmek, dünýäniň ähli ýurtlarynda ekinleri zyýankeşlerden, kesellerden we haşal otlardan goramak boýunça ummasyz köp möçberdäki harajatlar sarp edilýär. Şunça çykdajylaryň esasy bölegi hem zäherli himiki dermanlaryň ýa-da pestisidleriň täze görnüşlerini döretmäge, olary köpçülikleýin öndürmäge we giňden peýdalanmaga gönükdirilýär. Zäherli himiki serişdeleriň ummasyz köp möçberde ulanylmagy ösümlikler bilen iýmitlenýän jandarlaryň (fitofaglaryň) we olaryň tebigy ýagylarynyň (zoofaglaryň) hem-de şol janly-jandarlaryň ösümlikler bilen özara gatnaşygynyň üýtgemegine we ahyrky netijede bolsa tebigatda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär. Zyýankeşlere garşy göreş çärelerinden iň amatlysy we peýdalysy ekologiki taýdan arassa hem-de ykdysady taýdan arzan bolan biologiki usuldyr. Bulardan başga-da oba hojalygynda gowaça sowkasynyň garşysyna emeli duzaklar gurmak görnüşi hem ulanylýar. Emeli duzaklar iki görnüşe bölünýär:
1) feromon duzaklar;
2) gül ysly duzaklar.
Biologik duzakdaky aldawaç serişde gülüň we balyň ysyny berýär. Şol ysy gowaça sowkasynyň atalyk jynsly kebelegi duýup, oňa tarap uçup gelýär we duzak gabynyň aşagyndaky bölegine düşýär. Aldawaç erginleri şu aşakdaky usullarda taýýarlanylýar:
Adaty usul;
Meduzomiset fermentli gül ysly ergini;
Ary balynyň ergini;
Ary balynyň we gandyň gowşak ergininini hamyrmaýa tozunda ajatmak;
Bal ysyny beriji süýji-konditer serişdeleriniň suwdaky ergini.
Aldawaç erginler ýerli serişdeleriň hasabyna taýýarlanylýar we ýörite emeli duzaklar arkaly gowaça meýdanlarynda ulanylýar.Bu aldawaç erginler özüniň ekologik taýdan arssa ykdysady taýdan arzan we yokary netijeliligi bilen tapawutlanýarlar.

Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.