Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Amala aşyrylýan ähli işleriň özeninde bolsa halkyň jana-jan bähbitleri goýulýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä ýaň salan ýörelgesinden gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu dünýä ýaň salan şygary döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji günlerinde yglan edipdi. Tiz wagtdan bolsa bu babatda sözden anyk işlere geçildi. Munuň şeýledigine baryp 2008-nji ýylda kabul edilen Oba milli maksatnamasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirip bolýar. Bu maksatnama, sözüň doly manysynda, ata Watanymyzyň oba-kentlerini, şäherçelerini hem-de şäherlerini tanalmaz derejede özgertmegiň, ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini üpjün etmegiň başyny başlady. Döwletimiziň örän uly möçberli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna welaýatymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň müňlerçesi guruldy. Täze elektrik, gaz, suw, lagym geçirijileri, awtomobil ýollary guruldy, aragatnaşyk ulgamy çekildi. Şol sebäpli halkymyz baky bagtyýarlyga, eşretli ýaşaýşa badalga beren Gahryman Arkadagymyza kalplarynyň töründen syzylyp çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Hawa, bitirilen işler, ýetilen sepgitler haýran galdyryjydyr, örän guwandyryjydyr. Peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu beýik işleri belent mertebe bilen dowam etdirip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu babatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäginde amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Üstümizdäki ýylda bu maksatnamanyň çäginde düýpli maýa goýumlarynyň 234,32 million manadyny özleşdirmek bellenilipdi. Eýýäm ýylyň geçen on aýynda bu baradaky ýyllyk meýilnama 141,2 göterim berjaý edildi. Şonda düýpli maýa goýumlarynyň 331 million manada golaýy özleşdirildi.
Şanly ýylda düýpli maýa goýumlarynyň 116,8 million manady ýaşaýyş jaýlarynyň, 78,9 million manady orta mekdepleriň, 66,7 million manady hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we saglyk merkezleriniň, 27,4 million manady suw we lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna gönükdirildi. Diňe şu doly bolmadyk sanawyň özi hem hormatly Prezidentimiziň üstünlikli ýöredýän döwlet syýasatynyň ilkinji nobatda ilatyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendigini görkezýär.
Oba milli maksatnamasynyň çäginde şu ýylyň geçen aýlarynda welaýatymyzda ähli amatlylyklary bolan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň 66,6 müň inedördül metri guruldy. Munuň özi bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesiniň maşgalalarynyň ýaşaýyş jaý şertlerini düýpli gowulandyrandyklaryndan habar berýär.
Agamyrat NURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby