Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ady arşa göterilýär, mertebesi beýgeldilýär, dünýä tanadylýar. Munuň şeýledigine biz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen goşgusyna ser salsak has-da göz ýetirýäris. Şu ýerde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Zer gadyryny zergär biler» ýa-da «Eý ýaranlar, är ýigidi är tanar» diýen goşgy setirleri serimize gelýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň giden bir umman ýaly döredijiliginiň, akyl paýhasynyň çeper beýanyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, bir setire sygdyrmagy başarypdyr. Paýtagtymyzda şahyryň beýik ýadygärliginiň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyra goýýan sarpasynyň, hormatynyň örän uludygyna güwä geçýär. Magtymguly Pyragy Firdöwsi, Fizuly, Nyzamy, Jamy, Dehlewi we Nowaýy ýaly dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hatarynda durýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgularyna düşünmegiň aňsat bolmajagyny:
— Magtymguly syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur —
diýen goşgy setirleri bilen beýan edýär.
Magtymguly Pyragy dünýä belli şahslar Mäne baba, Omar Haýýam, Firdöwsi, Nyzamy, Jelaleddin Rumy, Şyh Atdar, Şyh Bahaweddin ýaly beýik pirler, ägirt söz ussatlary bilen duşuşmagy, olar bilen söhbetdeş bolmagy arzuw edipdir.
Okyp bildim Saadynyň «Bostanny»,
Gör, ne ajap Hakanynyň «Mediany».
Istärmen «Şahnama», «Sakynamany»,
Mälik Omar bilen Süleýman bolsam.
(«San bolsam»)
Bu setirlerde bolsa söz ussady Saadynyň, Hakanynyň, Firdöwsiniň eserlerine Mejnun ýaly aşykdygyny beýan edýär. Şahyryň ýokardaky setirlerine düşünmek üçin ençeme kitaplary we olary dünýä inderen beýik şahsyýetleri öwrenmeli bolýarys. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda Süleýman pygamber barada aýdylanlara has-da köp duş gelýäris.
Mysal üçin:
Süleýman sen mura bir gulak goýgul,
Arzyny eşitgil, jogabyn bergil.
Ýa-da:
Süleýmandan artyk bolsa şöwketiň,
Lerzana getirse gögi haýbatyň….
(«Ýakança bolmaz»)
Süleýman pygamber Dawut pygamberiň ogly bolup, rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Dawut pygamberiň kyrk ogly bolupdyr, men-menlik zerarly kyrk oglundanam jyda düşüpdir. Dawut pygamber köp wagtlap Biribara nalyş edip gezipdir, teý ahyry Biribardan: «Seniň kyrk ogluňy gaýtaryp bereýinmi ýa-da kyrk ogluň akly bolan bir ogul bereýinmi?» diýen owaz gelipdir. Ine, şeýlelikde, Süleýman pygamber dünýä inipdir. Süleýman pygambere Ýer ýüzündäki ähli barlyklaryň, ýeliň, suwuň, yns-jynsyň, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň, döwleriň hökümdarlygy berlipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,
Bak, olardan ne nam galdy, ne nyşan…
(«Ýeldim tut»)
diýen goşgy setirlerini okanymyzda, muňa has-da aýdyň göz ýetirýäris. Oňa beýik Biribar tarapyndan pygamberlik derejesi berlipdir. Süleýman pygamberiň howada hiç zada daýanman saklanyp bilýän tagty bolupdyr. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, tagty şemal göterip saklaýan eken. Guşlar jemlenişip, pygamberiň üstüne saýa salyp durýarmyşlar. Günlerde bir gün guşlaryň biri Hüthüt ýok diýýär. Şol ýerden pygamberiň üstüne Gün düşýär. Pygamber bu guşy gelensoň derrew ýanyna getirmegi buýrupdyr. Beýleki guşlar ýaňky guş gelende ýagdaýy düşündiripdirler weli, görseler, bu guş gaty arkaýyn diýýär, «Men pygambere gelinlik tapyp geldim» diýip. Dogrudan hem, Süleýman pygamber ýaňky guşuň aýdyşy ýaly, düýşünde Ýemen ýurdunyň patyşasynyň gyzy Bylkysa aşyk bolýar. Şeýlelikde, Bylkys üçin sawçy goýbermeli bolupdyr.
Sawçylyga gitmek Hüthütiň paýyna düşüpdir. Şeýlelikde, Bylkys sawçylara Süleýman pygambere durmuşa çykjakdygyny, ýöne barýança aýagynyň aşagyna altyn, kümüş, zer, gymmatbaha daşlardan düşemeklige şert goýupdyr. Hasaplap görseler, Süleýman pygamberiň ähli baýlyklary muňa ýetenok diýýär. Ýene-de guşlar ýygnanyşyp maslahat edipdirler. Alahekek diýen guş gowy teklibi öňe sürüpdir. Ol Bylkysyň ýöräp geçen ýolunyň yzyndaky altyn, kümüş, gymmatbaha daşlary alyp öňe düşemekligi teklip edipdir. Şeýlelikde, Bylkysy getiripdirler.
Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde «Ol kim idi, ölenini bir ýyldan soň bildiler»… diýen jümleler bar. Bu barada şeýleräk rowaýat getirýärler. Süleýman pygamber döwlere köşk saldyryp ýörkä, hasasyna söýenip duran ýerinde aradan çykýar. Emma muny döwler bilmeýär, olar işlemegini, köşk gurmagyny dowam edýärler. Aradan bir ýyl geçensoň, Süleýman pygamberiň hasasyny garynja iýýär we ol ýykylýar, ine, şondan soň onuň aradan çykandygy bilinýär.
Magtymguly Pyragy özünden öňki beýik şahyrlara, şahsyýetlere sarpa goýup, öz döwründe meşhur bolan şular ýaly rowaýatlar bilen gyzyklanyp, olary öz goşgularynda beýan edipdir.
Maksat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby