Çaý kömelegi- biologiýada meduzamiset ady bilen belli.Onuň daş görnüşi meduza meňzeş.Ol özüniň iýmitlenýän sredasynda ulalýar.Çaý kömelegi medisinada özüniň dermanlyk häsiýeti bilen peýdalanylýar.Ol içege ýokançlaryny bejermekde, aşgazan-içege ulgamynyň işleýşini gowulandyrmakda, bedenden zäherli maddalary aýyrmakda ulanylýar.Çaý kömeleginiň erginini yzygider ulanmak gan basyşyny we ýürek urmasyny peseltmäge kömek edýär, immuniteti ýokarlandyrýar, böwrek we bagyr işini kadalaşdyrýar.Düzümindäki witaminleriň köp bolmagy deriniň we dyrnagyň ýagdaýyna oňyn täsir edýär.
Aýşat ALLABERDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby