Pedally hem-de saply ilkinji tigri Ukrainanyň Werhoturýa obasyndan ussa Ýefim Artamonow Orsýetde ýasapdyr. 1801-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Moskwanyň Hodynskiý meýdanynda müňlerçe adam iki tekerli tigri täsin galmak bilen synlapdyrlar. Bu tigir rus patyşasynyň täsin enjamlar ýygyndysynda saklanypdyr, wagtyň geçmegi bilen, ol halkyň hakydasyndan çykypdyr.
1808-nji ýylda Parižde özi iteklenýän, sapsyz görnüşindäki tigri ýasapdyrlar. Tigri sürüji gezekli-gezegine aýagy bilen idip sürmeli bolupdyr. Tigir özgerdilmedik görnüşinde bolsa-da, uly tizlik bilen bat alyp bilipdir. Şu ýerden hem “veloc-çalasyn, pedes-aýaklar” sözi gelip çykypdyr. 1815-nji ýylda nemes adamy K. Drez ýoly ugrukdyryjy saply tigri döredipdir. XlX asyryň 50-nji ýyllarynda onuň watandaşy F. Fişer tigriň öňki tekerine şatunly pedallary birikdirýär. Tigri has uly tizlikli edip ýasamak üçin onuň öňki tekerine (180 santimetre çenli) ölçeg bilen ýasalypdyr. Yzky tekeri bolsa kiçiligine (30 santimetre barabar) galyberipdir. Şeýlelikde, ol tigre “möý” diýip at dakypdyrlar.
XlX asyryň ahyrynda Ýer ýüzünde tigriň muşdagy köpelip ugrapdyr. Fransiýada, Angliýada hem-de ABŞ-da täze tigirleriň ýasalmagy üçin müňlerçe teklipler gelipdir. Şol wagta çenli tigiriň durky has-da özgeripdir. Tigriň tekerleri dişli rezinli görnüşe gelipdir. Onuň içi welin, pokryşkaly kamera bilen örtülipdir.
Häzirki günlerimizde dürli görnüşli hem-de dürli ugurlar üçin tigirler bar. Ýük tigirleri ýörite ýük daşaýan arabaly bolup, olar bir wagtyň özünde onlarça kilogramlyk ýüki daşap bilýärler. Poçta degişli bolan tigirleri bolsa , ýokary tizlikli bolar ýaly, üýtgeşik ýasaýarlar. Çünki olar gelýän, gidýän hatlar wagtynda eýelerine gowşar ýaly hyzmat edýärler.
Çagalar üçin tigirlerde ýaňy ýöremäni öwrenen körpeleri aýlaýarlar. Onuň daşyndan bolsa yetginjek çagalar üçin hem tigirler bar.
Sport ýaryşlaryna niýetlenip ýasalýan tigirler uly tizlikli hem-de ýeňilden berk bolýar. Şeýle tigirlerde ýaryşyjylar 60 km/s çenli tizlik bilen ýöreýärler. Ýaryş üçin ýasalýan tigirleriň 2 eýerli görnüşleri hem bar. Olar has-da uly tizlik bilen ýöremegine ýardam berýär. Bulardan başga-da, has üýtgeşik bolan suw tigirleri hem ýasalypdyr.
Toýlymyrat GARRYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby

RU












