Astrahanda Türkmen dili we medeniýeti merkezi hereket edip başlady.
Astrahan döwlet uniwersitetinde hereket edýän Merkeze Türkmenistandan
mugallym Resul Şajyýew ýolbaşçylyk edýär.
Merkeziň esasy iş ugurlarynyň biri hem türkmen halkynyň taryhy mirasyny,
medeni däplerini, edebi döredijiligini giňden wagyz etmek we türkmen-russiýa
ynsanperwer hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bolup durýar.