Taryhda her bir halkyň hakydasynda galýan esasy wakalar we belli seneler bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmak taryhynyň sahypalary 1995-nji ýylyň mart-dekabr aýlarynda ýazyldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy ilki bilen 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşy-gynyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy bilen tassyklandy. Soň şol ýylyň 20-nji oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketine girýän ýurtlaryň Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň Jemleýji resminamasy bilen tassyklandy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň we iň beýik üstünlikleriň biri boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa gaýtadan ikinji gezek 193 döwletiň goldamagynda ykrar edildi. Bu Kararnama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi.

Häzirki zaman çylşyrymly halkara gatnaşylary şertlerinde Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Dünýä ýene-de üçünji müňýyllykda türkmen paýhasyna hem-de parasatly döwlet Baştutanymyzyň umumyadamzat bähbitli başlangyçlaryna aýratyn gyzyklanma bildirýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan daşary syýasat ýörelgeleri bilen berk baglanşyklydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny barha belende götermek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnabat Nobatowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyñ Sportuñ mediki-biologik ùpjunçiligi kafedrasynyñ mugallymy,
Tylla Halmuradowa,
Bedenterbiýe fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.