Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda geçmiş taryhymyzy öwrenemek we dünýä ýaýmak, şol bir wagtyň özünde- de türkmen halkynyň gazananlaryny dünýäniň ösen siwilizasiýalarnda görkezmek maksady bilen uly işler alnyp barylmasynyň aňyrsynda, Halkara Bitaraplygymyzyň gazananlary ýatyr.

Türkmen halky Halkara Bitaraplygy bilen baglanşykly Bitaraplyk statusyna eýe bolanyndan soňra dünýäniň çar künjünde öz medeniýetini we sungatyy, taryhyny we özüniň gazananlaryny ýola goýmaga başlady.

Diňe bir ykdysady babatynda däl, eýsem – de bu medeni , taryhy baglar bilen birlikde- de dünýäniň çar künjünde gadymy toprakdygyny subutnamalaryň üsti bilen subut etmäge başlady.

Dostana döwletleriň söýgüsini gazanmak,ol döwletlerde öz taryhyňa hormaty şu gün bilen baglanyşdyryp, dünýä ýaýmak her bir türkmen raýaty üçin, şolsanda dünýäniň çar künjündäki türkmensöýer raýatlar üçin hem uly buýsanç boldy.

Munuň özi Halkara Bitaraplygymyzyň gazanan netijesi hökmünde hut häzirki günler hem daşary ýurtlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrandygy ikiuçsydyr.

Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde Bitaraplyk statusyny alan Türkmenistan döwletimiziň her bir gazanan üstünligi onuň abraýyny öňküden hem artdyrýar.

Goý döwletimiziň abraýy öňküsinden hem artsyn!

Agajan Şukurow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.