Pyrtykal — miwesi bu iň köp ýaýran we has köp ulanylýan bu miwe askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň, antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä, ol ýürek-damar keselleriniň, şol sanda gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň durnukly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel), bagyr, dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhizli iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak önüm bolup durýar.
Keýpiňi ýokarlandyrmak, şähdini açmak üçin her gün irden täze sykylyp alnan pyrtykal şiresiniň bir bulguryny içmek peýdalydyr. Düzümindäki turşulary zyýansyzlandyrmak üçin şiräni içmezden öň deň mukdardaky suw bilen garmak möhümdir.
Iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde turşy miweleri, şol sanda pyrtykaly we onuň şiresini ulanmak maslahat berilmeýär.
Pyrtykalyň gabygynyň ysy çybyny, güýäni we beýleki mör-möjekleri gaçyrýar.
Galyň gabykly sitrus miwelerinde, şol sanda pyrtykalda witaminler uzak wagtlap saklanýar.
Pyrtykalyň gabygynda miweden has köp C witamini bar. Köplenç gabyk aýrylýar we zyňylýar, bu hoşboý ysly gaplaryň zyňylmaly däldigini ýatdan çykarýarys. Bu üýtgeşik miwedäki antibakterial häsiýetler olary derini bejermek babatda ajaýyp goşant bolup durýar.
Pyrtykal gabygy deridäki gara tegmilleri bejerýändigi üçin deri üçin peýdaly hasaplanýar. Ol deriniň gözeneklerini iýmitlendirmek babatda hem möhüm serişde hökmünde bolup durýar. Guradylan pyrtykal gabygynyň bölejikleri deridäki öli öýjükler üçin peýdalydyr.
Allanur BAÝRAMBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.