Indoneziýanyň ýaşaýjylary häzirki zaman dünýäsiniň taryhynda iň äpet
sunaminiň (suw joşgunynyň) pidalaryny ýatlaýar. 15 ýyl mundan öň, ýerasty ýer
titremeleri zerarly ýüze çykan tebigy betbagtçylyk Günorta-Gündogar Aziýanyň
birnäçe ýurtlaryna aýylganç pajygalary ýetirdi. Dürli maglumatlara görä, şonda
225 müňden gowrak adam aradan çykdy. Olaryň aglabasy Indoneziýanyň ilatydy.
On müňlerçe adamlar dereksiz ýitdi. 14 döwletden bolan pidalary doganlyk
mazarlarda jaýladylar. 2004-nji ýylyň sunamisi günorta Tailandyň kurortlaryna
hem ýetdi. Şol ýerde 6 müň adam aradan çykdy.
Şol tebigy betbagtçylyk jemi alanyňda 18 ýurda zyýan ýetirdi. Bilermenleriň
pidalaryň şolar ýaly ummasyz möçberiniň bolmagyny irki duýduryş ulgamlarynyň
netijeli işlemändigi bilen düşündirýärler. Adamlara wagtynda resmi duýduryş
berilmänsoň, olar gizlenip hem ýetişmändirler. Geçen döwürde howply zolakda
ýerleşýän 30-dan gowrak döwletler 400 milliondan gowrak pul serişdelerini irki
duýduryş ulgamlaryny duýdurmaga sarp edipdirler.