Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk şanly toýy toýlanýar. Bu wajyp sene türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzyň her bir jähetinde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk derejämizi tassyklaýan jümlelerdir alamatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Döwlet baýdagynda, Döwlet senasynda orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Nelufar BEKIÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby