Dünýä tejribesinde bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hasap edilýär. Şol nukdaýnazardan, ýaş nesillerimiziň bilime, ylma teşne kalplaryndaky arzuwlaryny amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Döwletimizde dünýäni haýrana goýýan ösüşleriň gazanylmagynda ylmy öňegidişlikleriň täsiriniň uludygy aýdyň hakykatdyr.

Okuw kitaplarynyň islendigini indi elektron görnüşde peýdalanmak mümkinçiligi bar. Sanly bilim ulgamy uzak aralykdan sapagy dolandyrmak, elektron resminamalaryň dolanyşygyny girizmek, elektron žurnal, elektron maglumat üpjünçiligi, bir wagtyň özünde ähli okuwçylar ýa-da talyplar bilen birlikde işlemek, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek, teleköpri arkaly sapak geçmek, bilimlerini barlamakda we bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, baý maglumatlar toplumy bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň halkara derejede «Sanly bilim» ulgamyny döretmegiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly berýän tabşyryklarynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek.

Hakykatdan-da, bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýoly sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakdyr. Häzirki wagtda durmuşymyzda sanly bilim ulgamyna geçmek işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Ýurdumyzda ylym-bilimi kämil derejelere ýetirmekde parasatly döwlet syýasatyny alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Baýramdurdyýewa Gülbahar.
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.