Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanylýan ösüşler döwlet strategiýasynyň özeninde adamyň, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň durandygyny görkezýär. Öz raýatlarynyň abadan durmuşy üpjün edilýän ýurtlara bolsa diňe oňyn özgertmeler, öňegidişlikler mahsusdyr.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we internetiň ösdürilmeginiň hasabyna elektron hyzmatlarynyň ösen ulgamlaryny döretmek, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işleri utgaşdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Şunda durmuş ulgamynyň işini öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda sanlylaşdyrmagyň wajyp durmuş-ykdysady ähmiýeti bardyr.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlaryň biri hem hut durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, şeýle hem telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda ylmyň hem-de durmuş hyzmatlarynyň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak arkaly durmuş goraglylygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady zähmet işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirip, hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, hyzmatlary aňrybaş derejede amatly ýagdaýda ýola goýmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Çünki halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek döwletimizde alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş ýörelgesi bolup durýar.
Soňky döwürde bolsa «sanly ykdysadyýet» adalgasy barha giň düşünjelere eýe bolýar. Ol sanlylaşdyrylan kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan ykdysadyýetdir. Sanly ykdysadyýet ykdysadyýetiň düzüm bölegi bolup durýar. Onuň özenini emele getirýän subýektleriň bilimleri we maddy däl önümçilik — maglumat jemgyýetini häsiýetlendirýän esasy görkezijilerdir. Sanly ykdysadyýet — bu durmuşyň gurluşy, döwlet dolandyryş ulgamynyň, ykdysadyýetiň, işewürligiň, durmuş çygrynyň, bütin jemgyýetiň ösmegi üçin täze esasdyr.
Şeýlelikde, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek ylmy-tehniki ösüşiň wajyp ugrudyr. Täzeçil usullar we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda ýurdumyzda önümçilik, bilim ulgamy, senagat çalt depginler bilen ösýär. Ykdysadyýete täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň uly ähmiýeti bardyr.
Goý, ata Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ynamly alyp barýan, mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!