«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy
žurnalyň nobatdaky sanynda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş
hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat – aň-bilim häsiýetli
makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm
meselelerine bagyşlanýar.
Žurnalyň bu sany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gurluşyk, energetika we
jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permany bilen açylýar,
oňa milli Liderimiz 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen nobatdaky
mejlisinde gol çekdi.
«Sergi» bölüminde «Türkmengurluşyk — 2019» halkara sergisine hem-de
«Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata bagyşlanan makala
çap edilipdir.
Şeýle hem bu bölümde «Bauhauzyň ýüz ýyllygy mynasybetli Germaniýanyň
we Türkmenistanyň arasynda gurluşyk medeniýeti ulgamynda tejribe alyşmak»
atly birinji bilelikdäki binagärlik sergisi hakynda makala ýerleşdirilýär.
«Akylly şäher» ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan makala
hem okyjylarda gyzyklanma döreder.
«Ylym» bölüminde ýerleşdirilen «Gurluşykda gidrogeologiýa we seýsmiki
şertleriň özara baglanyşygy» atly makalada seýsmiki işjeňlik derejesiniň
geologiýa-tektoniki gurluşyň, inžener-geologiýa şertleriň aýratynlyklaryna,
tehnogen hadysalaryň işjeňligine, şeýle hem ýerasty suwlaryň derejesine
baglydygyna seljerme berilýär.
Makalalaryň birnäçesi ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň iş
aýratynlyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda bitum
serişdeleriniň peýdalanylmagyna bagyşlanypdyr.
«Döredijilik» bölüminde çeper binagärlik keşbi döretmegiň sungatyna
bagyşlanan makala ýerleşdirilýär.
Umuman, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen žurnalda çap edilen
makalalar giň okyjylar köpçüligi üçin hem, bilermenler üçin hem gurluşyk
pudagynda iş tejribeliklerini geçýän ýaş hünärmenler, şäher häkimlikleriniň
ýolbaşçylaryny, sosiologlar we sungaty öwrenijiler üçin hem gyzyklydyr.
BAŞ SAHYPA: Edebiýat we sungat «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
