Fahriýe  Evgen

Türk gözeli Fahriýe  Evgen  Germaniýada  dogulan,  atasy  milleti boýunça türk, enesi  bolsa  Çherkasiýaly. 19  ýaşynda  Fahriýe enesi bilen  Istanbula  dynç alyşa  gelýär we ol ýerde oňa  ,, Hiç  haçan unutma “ teleserialynda  çykyş etmek teklip edilýär. Ol bu teklibe razy bolýar. Filmde surata düşenden soň  Evjen aktýorlyk işini dowam  etmeli diýen netijä  geldi.  Ol       ,,Ýapraklaryň dökülişi“ , ,,Küýsemek“ ,  ,,Jennet“  şeýle -de  ,,Söýginiň tutulmagy“ ýaly  filmlerinde  baş keşbi janlandyrdy.

Meriýem Uzerli

Gök gözli aktrisa  Meriýem  Uzerli  ,,Ajaýyp ýüz ýyl” filmindäki  Hürrem Soltanyň  keşbi bilen  millionlarça  tomaşaçylaryň  ýüreginden orun alýar. Filmiň döredijileri gyzy şeýle bir gowy görýärler welin, dil bilmeýänligne we aktýorlyk  tejribesiniň ýokdygyna garamazdan ol 200 dalaşkäriň arasyndan saýlanýar. Meriýemiň  milleti ýarym nemes, ýarym türk. Ol  Türkiýede gözelligiň nusgasy hasaplanýar şeýle-de  ol türk telewideniýasynyň iň parlak ýyldyzlaryndan biridir.  Birnäçe ýyl öň GQ  žurnaly  Meriýem Uzerlini ýylyň iň gowy zenany diýip ykrar etdi.

Neslihan Atagül

Çagalygyndan  Neslihan Atagül türk filmlerine tomaşa etmäni gowy görýär we geljekde meşhur aktrisa bolmagy arzuw edýär. Neslihan  Türkiýede  meşhur markalaryň ýüzi boldy.  Gyzyň özboluşly  gözelligi, özüni kameranyň öňünde saklamak ukyby üstünlikli bolýar, şonuň üçin köpler onuň bilen işlemek isleýär. Ahyrynda  kinostudiýanyň  ýokary wekilleri  ony gördüler we  Neslihan  Atagül ,,Ilkinji söýgi” filminde baş keşbi janlandyrdy. Soňra  ol ,,Purgatory” , ,,Istanbulyň iki ýüzi” ýaly filmlerde baş keşplerde  çykyş edýär we Türkiýäniň meşhur kino ýyldyzlarynyň hataryna goşulýar.

Oguljan SAUROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, 

Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.