Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini äleme ýaýmakda ylym, bilim ulgamynyň belent sepgitleri gazanmagy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn uly üns berýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde bu babatda kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler döwrüň talabyndan ugur alýar.
Beýik ösüşlere, şanly menzillere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hünärli, kämil bilimli bolmagy üçin uly aladalar edilýär. Bilim ulgamynyň öňe gitmeginde ýaşlaryň ornunyň uludygyny bellemek möhümdir. Ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilmegi günsaýyn belent sepgitlere barýan Watanymyzyň at-abraýyny arşa göterýär.
Bilim almak, ylym öwrenmek täze eýýamyň ýaşlarynyň esasy maksady bolmalydyr. Munuň üçin bolsa ajaýyp Diýarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyzyň islendik ýurduň ösüşiniň bilimli, ylymly ýaşlara baglydygyny aýratyn bellemegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki wagtda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly işler dowam edýär. Ýurdumyzda hereket edýän hünär ugurly okuw mekdeplerinde ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagy üçin nazaryýetde alan bilimleri tejribäniň üsti bilen kämilleşdirilýär. Bu bolsa geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Bahar ÖWEZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby.