Halyçylyk halkymyzyň nepis sungatydyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça edilýän tagallalaryň çäginde bäş müňýyllyk taryhly nepis halylarymyzyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda guwanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda: «Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär» diýip bellemegi hem-de halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtmagy ählimiziň milli el sungatymyza bolan buýsanjymyzy artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen el halysynyň şöhratynyň täzeden belende göterilmegi, baý taryhly halkymyzyň nepis sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýetiň berilmegi ugrunda edilýän tagallalar milli mirasymyza, ajaýyp gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Şonuň bilen baglylykda, biz — kitaphana işgärleri okyjylaryň arasynda geçirýän çärelerimizde täze taryhy döwrümizde gadymy halkymyzyň döreden milli dokmaçylyk sungatyna berilýän üns-ähmiýet dogrusynda täsirli gürrüň edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynyň çuň many-mazmunyndan ugur alyp, sahawatly türkmen topragyndan gözbaş alan, tebigy gurşaw bilen sazlaşyp, zenan elleriniň çeperçilik ukybyny we päk zähmetini dünýä tanadan nepis türkmen halylarynyň gadyr-gymmaty hakda aýratyn durup geçýäris. Bu bolsa, ýaşlaryň milli halyçylyk sungatymyza bolan söýgüsiniň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Nepis halylarymyzda halkymyzyň geçmişi janlanýar, geljege bolan ýagty umytlary şöhlelenýär. Şoňa görä-de, gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan dörän ajaýyp halylarymyzyň dünýädäki meşhurlygyny, şan-şöhratyny has-da arşa götermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.