Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýetimizde yz galdyran halypa-şahsyýetlerimizi çuňňur hormatlaýarlar, olary buýsançly ýatlaýarlar we olara uly sarpa goýýarlar. Halypa kompozitorlaryň eserleri biz üçin bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr. Milli aýdym-sazymyzy dünýä tanatmakda bimöçber işleri bitiren, saz äleminiň ägirdleriniň biri hem – Nury Halmämmedowdyr. Emma bu kompozitor türkmen halkynyň kalbynda miras galdyran ajaýyp gözel sazlary bilen ebedi, baky ýaşaýar.
Bu beýik zehinli kompozitoryň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde, muzeýlerde, medeniýet öýlerinde konsert-leksiýalar geçirilýär, onuň durmuşyndan, ýagny döredijilik, ýerine-ýetirijilik iş pursatlaryndan bölekler, suratlar tanyşdyryş görnüşinde taýýarlanyp köpçülige ýetirilýär, eserleriniň taryhy döreýşi barada maglumatlar gürrüň berilýär. Nury Halmämmedowyň ýürekden çykan sazlary diňleýjä hemişe güýçli täsir edýär. Şol arassa saz çeşmesi – kompozitoryň bize goýup giden ruhy peşgeşidir.
Zehinli kompozitor ömrüniň gysga döwründe dürli žanrlara ýüzlenen köp sanly nusgawy eserlerini miras galdyrdy. Zehinli kompozitor kiçi çagalar üçin niýetlenen eserlerden başlap, ägirt uly, ýagny simfoniki düzmelere, sahna eserlerine ýüzlenýär. Onuň ýüzlenmedik žanry ýok diýen ýaly. Nury Halmämmedowyň ähli eserleri türkmeniň dutardyr-gyjak milli saz gurallaryna, halk heňlerine ýuwrulan. Islendik gurallaýyn eserini, şeýle hem wokal eserini alanyňda-da labyzly, olaryň owadan ýatda galyjy heňleri özüne maýyl edýär. Kompozitor döreden eserleriniň adalgasyna doly jogapkärçilikli ýapyşypdyr, goýlan atlandyrmany – öňünde goýan keşbini örän çuň şekillendiripdir, ýagny göz öňüňde anyk janlandyrypdyr diýip aýdyp bileris. Nury Halmämmedowyň wokal eserlerini wokal partiýasyz ýerine ýetireniňde hem labyzlylygyny ýitirenok. Bu bolsa onuň ilkinji alan hünäriniň we söýgüli saz guralynyň fortepiano bolandygyny subut edýär.
Milli mirasymyzy öwrenmäge, öwretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, taryhy şahyslarymyza uly sarpa goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun.
Aşgabat şäher medeniyet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň yokary derejeli fortepiano mugallymy Dallakyan Roza Petrowna