Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata eýeçilik gözi bilen garap,
onuň gözelligini goramagyň we artdyrmagyň aladasynda bolupdyr. Halkymyzyň bu asylly
ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşdirilip, şanly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş
ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi ilatyň abadan ýaşaýşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylýar.
Daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, «ýaşyl
ykdysadyýete» geçmek bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet
syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklaryndan peýdalanyşyna,
tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär.
«Ýaşyl ykdysadyýet» — bu adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün edýän we şunuň bilen birlikde-de daşky gurşawa abanýan howply hadysalaryň täsirini düýpli peseldýän
ykdysadyýetdir. Ýurdumyzyň «ýaşyl ykdysadyýete» geçmeginde ileri tutulýan esasy ugurlar
tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we olary gaýtadan dikeltmek, önümçilige energiýany az sarp edýän, galyndysyz we az galyndyly tehnologiýalary ornaşdyrmak, galyndylary gaýtadan işlemek, gurlup, ulanylmaga berilýän desgalaryň ekologik talaplara laýyk getirilmegini
gazanmak ýaly durmuş-ykdysady çäreler bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly başlangyçlary bilen «ýaşyl ykdysadyýetiň»
ugurlary milli hojalygyň ähli pudaklaryna, esasan-da, ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk
senagatlaryna, oba hojalygyna, ulag we syýahatçylyk ulgamlaryna gönükdirilip, bu ulgamda
hereket edýän kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Döwletimiz bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklap, dünýä ähmiýetli meseleleri çözmegiň netijeli ugurlaryny gözläp tapmaga we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýar. Ata Watanymyzda eýýäm birnäçe ýyldan bäri BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy,
Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň
Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly köpsanly halkara we sebit guramalary bilen özära bähbitli
hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar.
Biz gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny yzygiderli artdyryp, geljekki nesiller üçin gorap
saklamak ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun
aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt
bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Akgül ILAMANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

RU












