Köp ýurtlarda gadymdan halk lukmançylygynda pişirilen we gaýnadylan behi miwesinden
aşgazan- içege kesellerini bejermekde peýdalanylandygy hemmä mälimdir. Emma behiniň
bulardan başgada peýdaly häsiýetleri köpdür.
Naharlanmazdan öň işdäsizlikde, aýallaryň gan gitme kesellerinde 10 gram guradylan behi
miwesine 100 ml gaýnan suw guýup ondan her gün 10 ml- den içilse gowy netije berýär.
Gyrgyçdan geçirilip suwda gaýnadylyp pişirilen behi miwesi böwrek keselleriniň we ýürek
bulanmanyň, gusmanyň öňüni alýar.
Behi miwesinden demleme taýýarlap içmek azganlylykda maslahat berilýär. Ony taýýarlamak
üçin behini kiçijek böleklere bölmeli, gazana salyp üstünden suw guýup ýumşaýança
gaýnatmaly. Onuň suwy demleme şekiline gelip goýy bulamak görnüşüne geçýänçä gaýnatmaly.
Behiniň ter miwesiniň düzüminde demir maddasy köpdir. Ony demir ýetmezçiliginden bolýan
keselleriň öňüni almakda hem-de ony bejermekde , uzak dowam edýän kesellerde, beden
temperaturasy galanda iýilse peýdalydyr.
Humaý AMANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.