Döwletimiziň berkararlygynyň barha pugtalanýan, halkymyzyň bagtyýarlygynyň has-da rowaçlanýan häzirki täze taryhy eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, bimöçber aladalary bilen köp pudakly hem köp ugurly ýurdumyzda gazanylan ýeňişleriň, ýetilýän sepgitleriň sany barha artýar. Ata-babalarymyzyň «Ähli zadyň seresi saglyk» diýip öz tejribelerinde göz ýetirip aýdyşy ýaly, halk hojalygynyň ähli ulgamynda — ykdysadyýetde, senagatda, ulag we aragatnaşykda, oba hojalygynda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda gazanylýan ýokary sepgitleriň sakasynda milletiň berk jan saglygy, zamana bilen ugurdaş ruhy ýokary göterilişi, işlemäge, okamaga, gurmaga, döretmäge bolan hyjuwly hem maksada okgunly gaýduwsyzlygy bar.
Mähriban Watanymyzda ynsan mertebesiniň ähli zatdan ýokarda goýulýandygy indi äleme äşgär. Ähli ýeňişlerimiziň özeni bolan bu beýik dereje ozaly bilen biziň Baş Kanunymyzda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapandyr. Onda şeýle jümleler bar: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr».
Lukmançylyk ylymlary babatynda yklymlarda ykrar edilýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugry öňe tutmagynda çuňňur ylmy esaslar bar. Şol esaslar bu ugruň uzak eýýamlarda gadymy hem müdimi halkymyz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanyp, dowamly ösdürilip hem özleşdirilip gelinendigindedir. Häzirki wagtda bu esaslar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowamat dowam tapýar.
Ata-babalarymyzyň jöwher zehininden döräp, biziň günlerimize gelip ýeten «Sag başym — soltan başym», «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Saglygym — baş baýlygym» diýen ýaly ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda, birentek rowaýatlarda, tymsallarda, çeper aýtgylarda munuň şeýledigine göz ýetirmek bolýar.
Ynsan saglygyny berkitmek, sagdynlyk ýörelgesini tutuş ýurt möçberinde giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesi, alyp barýan uly işleri aýratyn bellärliklidir. Şu mesele bilen baglanyşykly tutuş halkyň arasynda, ylaýta-da, ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat çärelerini, sport ýaryşlaryny, giň goldawa eýe bolýan bedenterbiýe hereketlerini aýratyn agzamak gerek.
Eşretli şu günümiziň we bagtyýar geljegimiziň sagdyn, ruhubelent bolmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň tutumlarynda hemişe täze rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.