Ajy iýmitleri iýmek hem ussatlykdyr. Sebäbi hemmeler hem ajy tagamly nahary halamaýarlar. Olaryň hem artykmaçlyklary, hem kemçilikleri bar. Mysal üçin, gastritden aşgazan ýarasyna çenli zyýanly täsirlerini görkezmek bolar. Emma onuň zyýanyndan peýdasy has hem uludyr. Geliň ajyly tagamlaryň peýdaly täsirleri bilen tanyş bolalyň!

Ajy iýmitler saglygy berkidýär

Ajy burçunda alkaloid kapsaisin bar, oňa ýiti tagam berýär. Gözlegçiler, ajy burçy has köp peýdalanýan Latyn Amerikasyndaky adamlaryň Günbatar ýurtlaryna garanyňda käbir düwnük keselleriniň döremek ähtimallygynyň pesdigini aýdýarlar. Geçirilen gözlegler, ajy burçunyň öýken, aşgazan asty mäzindäki we prostatdaky düwnük öýjüklerini öldürip biljekdigini görkezýär. Çili ajy burçy bolsa, ýokary holesterinden goraýar we insuline zerurlygy azaldyp biler. Mundan başga-da, kapsaisin diýlip atlandyrylýan bu ajy önüm aşgazan kislotasynyň aşa köpelmeginiň öňüni alýar.

Ajy önümler horlanmakdaky peýdaly häsiýetleri

Ajy ysly zatlaryň semremegine kömek edip biljekdigi baradaky jedel gutardy we sorag subut edildi. Burç, burçly önümler metabolizmi çaltlaşdyrýar we bedeniň öndürýän energiýasynyň has netijeli ulanylmagyna getirýär. Şeýle hem, naharlaryň arasynda oňa burç goşmak naharlaryň arasyndaky ysnyşmazlygy azaldyp biler. Bu horlanmagyň iň gowy usulydyr.

Burçly önümler sowuklamany bejermekde täsirli guraldyr

Olary iýmek gözüňizi ýaşardyp biler, ýöne howa ýollaryňyzy arassalamaga hem kömek eder. Ajy önümler bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda dümewden we gyzzyrmadan goraýar. Ol demgysma keselinde hem peýdaly hasaplanýar. Alymlaryň pikiriçe, ortaça ajy iýmitleri yzygiderli iýmek diňe bir çişmegi azaltman, bedeniň umumy gyzmagyndan soň çykýan endorfinler sebäpli keýpiňi gowulaşdyrýar.

Emma birbada ajy iýmit iýmek maslahat berilmeýär. Sebäbi ajy iýmitler iýmit siňdiriş ulgamynda nähoşluk bolan adamlar üçin kynçylyk döredip biler. Bedene az mukdarda ajy zatlar goşup, az-azdan yzygiderli ýakymly iýmit iýmegi öwretmek has gowudyr.

Gülkamar DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 114-nji toparynyñ talyby