Şu günki günde Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatly,Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek” Konsepsiýasyndan ugur alyp elektron tehnologiýalary ösdürmek üçin giň gerimli işler amala aşyrýarlar. Dünäýniň çar künjinde sanly tehnologiýalaryň ösen usullary bilen iş salşylýar. Häzirki zaman tehnologiýalar äleminde täzelikleriň bolmagy bolsa, ykdysady ugurlarda hem-de beýleki ugurlarda mümkinçilikleri açýar.
Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr.Şeýle nukdaýnazar bilen Türkmenistan diýarymyzda hem sanly ulgam babatynda birnäçe işler alnyp barylýar.Her bir adamyň sowatly bolmagy, ýurt, watan bähbitli işlerde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmasyny saglamagy bolsa bu günki gün ýurdumyzda bilime, sowatlylyga goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Döwletiň syýasatynda ýurduň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa, mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär.
Dünýäde bar bolan täze üstünlikler bilen bir hatarda türkmen diýarynda sanly ulgam boýunça ösüşler gazanylýar. Biz hem bu ugurda janymyzy aýaman zähmet çekýäris. Türkmen halkynyň ýaşaýşyny öňküsinden hem gowulandyrmak hem-de halkyň ösen islegini kanagatlandyrmak bilen birlikde, birnäçe işler alnyp barylýar.
Dünýä tejribesinde ýüze çykan tehnologiýalar zamanynyň netijesi bu günki gün adamzady ösüşlere äkitse-de birnäçe wagtyň dowamynda tehnologiýalaryň gapdaly bilen goraýjynyň ýüze çykmagy hem şert bolmaga başlady. Kompýuterleriň biziň durmuşymyz bilen gönüden – göni bagly bolmasy bu günki gün adamzadyň durmuşyny düýbünden özgertdi. Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Häzirki zaman ösen tehnologiýalar zamanasynda emele gelen kompýuter giňişligindäki işjeňligiň hem gadyry artdy.
Bu ugurdan okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Kompýuterleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak, häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi. Komputeri, hem-de islendik monitory, ekrany çakdanaşa ulanmak adam bedenine oňaýsyz täsizirini ýetiribiler. Elbetde, komputeriň biziň durmuşymyza ornaşmagy bilen büs- bütün durmuşdaky köp zatlaryň özgermegi bolup geçdi.Sanly mümkinçilikleri bolan bilim ojaklarynda sanly maslahatlaryň, sanly onlaýn konferensiýalaryň geçirilmegi öz zehinlerini synamak üçin ýokary jaýlaryna giren talyp ýaşlaryň sanly ulgamyň çözgütlerinde tejribe toplamalary bolsa, ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň dünýä halakara sanly torunda üstünlik gazanmaklary bolsa, bu günki gün ýokary hilli bilim almak ugrunda sanly tehnologiýalaryň goşandyny ýene bir gezek subut edýär. Bilim ulgamlarynda okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizilýär. Bu bolsa, gelejekki nesil üçin uly goldanmadyr.Munuň özi ýurdumyzda sanly ulgamyň mmükinçilikleriniň has artýandygyny alamatlandyrýar.
Guwanjow Didar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU



