Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri giň dünýä garaýyşly, sanly ulgamdan doly we dogry baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlaryndan we başga-da dürli bäsleşiklerden ýokary netije gazanýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata-watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biridir. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen orta mekdepleriň on iki ýyllyk umumy orta bilime geçildi. Bilim bermegiň ähli basgaçaklary ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün edilyär. Sanly enjamlar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa çagalara bilim berilşiniň hiliniň dünýä derejesine yetirmäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň azyndan 3 dil bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretýän orta mekdeplerde rus, iňlis dillerinden başga-da, fransuz, italýan, nemes, hytaý, ýapon, arap, pars dilleri kämil derejde öwredilýär. Bu bolsa çagalaryň dil biliminiň has-da kämil bolmagyna iterýär. Mekdeplerde lingafon otaglarynyň bolmagy çagalara dil öwrenmekligi ýeňilleşdirýär. Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň esasan hem dünýä dilleriniň uly oruny bar. Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda, ylym-bilimiň hem açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Dili öwrenmegiň esasy maksady diňe bir suwara sözleýişi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar.

Pederlerimizden miras galan milli ýörelgerimize esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanyp, ýaşlaryň ruhy ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşalaryň hukuklaryny ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Mämedowa Tumar,

 Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.