Suw syýahatçylygy – dynç alşyň suwda gaýyklary, baýdarkalary, katamaranlary we beýleki ýüzüji ulaglary ulanmaklyk bilen geçirilýän görnüşidir. Suw syýahatçylygynyň we deňiz syýahatçylygynyň kämil derejede ýola goýulmagy üçin Türkmenistanda hemme mümkinçilikler bar.
Türkmenistanyň naýbaşy tebigy gözellikleri bolan künjekleriniň belli-belli bölekleri ülkämiziň derýalarynyň kenarlarynda jemlenendir. Türkmenistanyň derýalary – akymynyň güýçlüligi esasynda tolkunlary bilen kenarlaryny opuryp gidýänligi üçin «däli derýa» diýlen Amyderýa, dostlukly gatnaşykda bolan goňşy döwlet Owganystandan gözbaş alyp gaýdýan Murgap derýasy, Guşgy derýasy hem onuň bir gözbaşydyr, datly gawunlary bilen meşhur künjegimizi süýji suwy bilen doýurýan Tejen derýasy, dostlukly gatnaşykda bolan goňşy döwlet Eýrandan gözbaş alyp gaýdýan Etrek we Sumbar derýalary, doganlyk halklarymyzyň gatnaşmagynda zähmet gahrymanlygyny görkezen ildeşlerimiziň eli bilen döredilen Garagum derýasy ýaly derýalarymyzdyr.
Türkmenistanyň suw baýlyklary babatda gürrüň edilende Tejen derýasynyň ugrundaky Dostluk suw howdanyny, Murgap derýasynyň ugrundaky Saryýazy suw howdanyny, Garagum derýasynyň ugrundaky Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky
suw howdanyny, Hanhowuz suw howdanyny, Köpetdag suw howdanyny, Amyderýanyň ugrundaky Düýeboýun suw howdanyny, Jeýhun ýakasyndaky Soltantagt kölüni, Kerneý kölüni, Sarygamyş kölüni, Ketdeşor kölüni, ildeşlerimiziň zähmet gahrymançylygynyň miwesi bolan Türkmen kölüni, şonuň ýaly-da deňiz syýahatçylygynda hem möhüm ähmiýeti bolan goja Hazary we beýleki suw gymmatlyklarymyzy agzaman geçmek bolmaz.
Ülkämiziň deňzi we derýalary täsin tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini ülkämize syýahata gelen jahankeşdeler anyk-aýdyň göz ýetirýärler.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň dekany