Ýaz nygmaty bolan kömelegiň üýtgeşik tagamynyň bolşy ýaly, onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan beloklar, mineral duzlar, fosfor turşusy, A,В,С, РР witamin bardyr. Şeýle-de kömelegiň düzüminde adam bedeninde siňmesi kyn bolan beloklar bolup, şol sebäpli hem haýal özleşýär. Meýdan kömeleginiň dürli görnüşinden iýilýän we iýilmeýän kömelekleri nähili saýlamaly? Zäherli kömeleklere mahsus bolan aýratynlyklar bar, ýagny kömelegiň taýajygy inçeden uzyn, telpejikleri ýukarak bolýar. Telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden daşrak we ýazgyn ýagdaýda, reňki sary, gyzyl, açyk bolýar. Meýdanda kömelek çöplenende örän ünsli bolmaly. Kömelekleriň görnüşleri saýlanyp bilinmedik ýagdaýynda ýa-da olaryň çöplenýän ýerleriniň ekologik taýdan arassa bolmazlygy, bedeni zäherläp biler. Zäherleýji maddalar diňe zäherli kömeleklerde bolman, eýsem, iýilýän kömelekleriň hem käbir görnüşinde az mukdarda saklanýar. Şeýle-de bu ösümlik toprakdan we howadan dürli maddalary sorup almaga ukyply. Şonuň üçin kömelegi täzeligine iýmäge çalşyň, sebäbi ol çalt zaýalanýar.
Kömelekleri akyp duran suwuň astynda ýeke-ýekeden gowy edip ýuwmaly. Soňra bişirmezden öň bir gezek gaýnadyp, suwuny dökmeli. Gara ýollaryň, demir ýollaryň gyrasynda biten kömelekleriň hem edil zäherli kömelekler ýaly saglyga howp salýandygyny ýatda saklamaly. Iň howply zäherlenme — kömelek zäherlenmesidir. Kömelek zäherlenmesine iki ýagdaý sebäp bolup bilýär: zäherli kömelegiň iýilmegi we iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanmagy. Kömelekden zäherlenmäniň ilkinji alamatlary birnäçe sagat geçenden soňra ýüze çykyp başlaýar. Ilki bilen, garyn boşlugynda güýçli agyry, gaýtarmak we içgeçme peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykanda hökman lukmana ýüz tutmaly. Eger-de lukmana ýüz tutman derdi ötüşdirilse, onda zäherlenen adam ysgyndan gaçyp, güýçli derläp, agyz boşlugynda köp mukdarda tüýkülik ýygnanmagy, ýüreginiň haýal urmagy, gan basyşynyň pese düşmegi, göreçleriniň daralyp, tutgaýyň tutmagy, netijede aňynyň üýtgemegine çenli getirip biler. Näsagyň halynyň agyrlaşyp dürli gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Zäherlenmäniň ilkinji alamatlary ýüze çykandan «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly we näsagy hassahana ýerleşdirmeli. Bejeriş işleri zäherlenmäniň görnüşine görä geçirilýär. Zäherlenme näçe çalt we öz wagtynda duýulsa, ýüze çykyp biläýjek gaýraüzülmeleriň öňüni almak ýeňil düşýär. Kömeklere mahsus bolan ýene-de bir häsiýet, ol hem adam bedeninde allergiýany döredýänligidir. Muňa telpekli kömelekleriň köpeliş tozanjyklary sebäp bolýar. Öňem aýdyşymyz ýaly, kömelek örän tiz zaýalanýan azyk önümlerine degişli. Ol ýyglandan soň, hatda sowadyjyda hem bir günden artyk saklamak maslahat berilmeýär. Eger-de iýilýän kömelegi dogry saýlap alyp bilmeseňiz, gowusy, ak bazarlarda halka hödürlenýän, degişli barlaglardan geçen kömelekleri satyn almak maslahat berilýär.
Ahmet JUMAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyby.

RU












