Baky bagtyň mekany hasaplanylýan Türkmenistan döwletimiziň her bir pursaty toýdur
baýramlara beslenýär. Ynha, bu günki günlerde hem halkymyz 2020-nji Syçan ýylynyň öňüsyrasynda, Täze ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşyp dur. Ildeşlerimiz maşgala baýramçylygyny has-da şowhunly, ýatda galyjy bellemek maksady bilen baýramçylyk
saçagyny owadan bezemek, ene-atalarynyň, dostlarynyň göwnüne ýaraýjak  sowgatlary saýlamak maksady bilen Aşgabat şäherimizde ýerleşýän söwda merkezlerine gün diýmän aýlanýar. Bizem paýtagtymyzda ýerleşýän Gülüstan döwlet söwda merkezinde bolup ol ýerdäki baýramçylyga taýynlyk görýän watandaşlarymyzyň pikirlerini ýazgy etdik. Şol söhbedimiziň mazmunyny gyzgyny bilen paýlaşýarys:


Mähri, söwda merkeziniň satyjysy:

-Ine, görüp durus welin Täze ýyla her bir ildeşlerimiz uly ruhubeletlikde barýar. Ene-atalar öz çagalary bilen baýramçylyk sowgatlaryny saýlamaga gelýärler. Menem söwda merkezde Täze ýyl arçalaryny, bezeglerini, sowgatlaryny halkymyzy hödürleýärin. Alyjylaryň harytlarymyzy uly isleg bildirip alýandyklaryna diýseň begenýärin. Täze ýyl maşgalalara bagt eçilýän ýyllardan bolsun!

Talhan köke we köke önümleriniň satyjylary:

-Bizem bu Täze ýyla özümiziň täze köke we köke  önümlerimiz bilen geldik. Biziň önümlerimiziň düzüminde dürli hili bulkalar, bally kökeler, ýumşadylan jöwen unundan taýýarlanan önümleri satuwa çykardyk. Biziň bu önümlerimiziň Täze ýyl baýramçylygynda baýramçylyk saçagynyň bezegi boljakdygyna ynanýaryn. Goý, üstümizdäki ýyl rysgally, bereketli ýyllardan bolsun.

Gunça Orazowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instutynyň talyby:

-Geçen ýyllaram-a bazarlarymyzda baýramçylyk üçin harytlar we iýmit önümleri kändi welin, bu ýyl ozalkylardanam has bereketli söwda merkezlerine görenimi aýdasym gelýär. Türkmeniň rysgally topragyndan bal öndürýän daýhanlarymyzyň ýürek duýgularyna bazara çykan harytlary görüp düşündim. Menem Täze ýyl üçin ene-atama, ýyllykdaşlaryma baýramçylyk sowgatlaryny almaga geldim. Söwda merkezindäki harytlaryň elýeterli bahadan hödürlenmegine az begenmedim. Talyp ýagdaýy-da…. Bu ýyl umumy ýaşaýyş jaýymyzda baýramçylygy hasam üýtgeşik garşylamaga çalyşýaryn. Şonuň üçin söwda merkezlerine aýlanyp çykmak galýar. Menem ildeşlerimizi, mugallymlary, talyp deň-duşlarymy şeýle-de öýümizdäkileri tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2020-nji ýyl düşümli ýyl bolsun!

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.