Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem has-da üstünliklere, halkara hyzmatdyşlyga baý ýyllaryň birine öwrüldi. 2023-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki amaly-haşam we mozaika sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Iki gün dowam edýän sergide goňşy döwlet Eýrandan gelen sungat ussatlarynyň taýýarlan döredijilik işleri bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan sungat eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň Mary welaýatyndaky agzalarynyň sungat eserleri halk köpçüliginiň gyzyklanmasyny artdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan sungat eserlerinde gözel tebigatymyzy, bagtyýar döwrümizi, bereketli topragymyzy, gözel şäherler Aşgabat we Arkadag şäherleri wasp edýän dizaýn we amaly haşam sungaty eserleri sergilendi. Olaryň arasynda Mähri Ýazmyradowanyň “Aşgabadyň ýalkymy”, Oguljemal Meredowanyň “Türkmen tebigaty” eseri, gobelen sungaty boýunça Sähragül Peşşiýewanyň “Rowaç”, Jahan Atdaýewanyň “Natýurmort” atly eserleri we beýleki ýaş suratkeşleriň döredijilikleri bagtyýarlygyň waspçysy bolup ýaňlanýar. Zergärçilik önümlerinde esasan milli äheňli döwrebap şaý-sepler sergilenip Aman Gurbanweliýewiň “Bykow”, Maýsa Mämmedowanyň “Zenan şaý-sepler toplumy”, Hudaýýar Gylyçmyradowyň “Döwrebap tumar”, Hezret Annageldiýewiň “Gadymyýet” atly keramika toplumy we başgada birnäçe eserleri sergini has-da baýlaşdyrdy. Şeýle-de çeperçilik akademiýada bilim alýan talyplar öz hünärlerini has-da açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda ussatlyk sapagyny hem geçdiler. Bu hem sungat ojagy bolan çeperçilik akademiýanyň talyplarynyň öz hünäriniň eýesidigini we ýaşlykdan öz hünärine erk edip bilýändigini subut etmäge uly mümkinçilik boldy. Dabaranyň dowamynda myhmanlar we çärä gatnaşýanlar sergi bilen gyzyklanyp talyplar bilen söhbetdeş bolmagy dabarany has-da täsirli etdi.
Serginiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasyndan gelen mozaika sungatynyň ussatlary Fariborz Motamedi we Amirhossein Pourjabbari Khamene dagy dabara gatnaşýan myhmanlar üçin mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda medeniýete, sungata baý iki döwletiň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklar we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan işler rowaçlyklara, üstünliklere beslenip, geçirilen bu sergi halklaryň milli gymmatlyklarynyň ýeten sepgitleri ýene bir ýola äşgär etdi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy
Bagtygül Hojageldiýewa