Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.
Baky Bitarap Türkmenistanda geljek üçin ähmiýetli bolan möhüm wezipäni — bilim ulgamyny ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň kämil, döwrebap bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin milli Liderimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Tehnologiýanyň şeýle çalt depginde ösýän, kämilleşýän döwründe bilim almagyň esasy şerti şol tehnologiýalary öz durmuşyňa we işiňe çuňňur ornaşdyrmakdyr. Çünki, häzirki döwürde döwrebap bilimi kompýuter tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri çalt depginde alnyp barylýar we bu ulgamda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Innowasion bilim tehnologiýalaryny, informatikanyň gazananlaryny hem-de informasion işleri durmuşa ornaşdyrmak üçin, ozaly bilen, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň esaslaryny: informatika, informasion prosesler, informasion tehnologiýa düşünjelerini özleşdirmek zerurdyr. Çünki bu düşünjeler we kämil tehnologiýalar sanlylaşdyrmagyň özenini düzýär. Şonuň ýaly-da, çalt depginler bilen özgerýän innowasion eýýamda ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamynda netijeli ulanylmagyna we ýaş nesliň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ýurdumyzda ähli pudaklarda we ulgamlarda, hususan-da, ykdysadyýetde, sportda, lukmançylykda, medeniýetde binagärlik işlerinde giňden peýdalanylýar. Sözüň doly manysynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary her birimiziň iň ýakyn we ygtybarly kömekçilerimize öwrüldi. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda çagalara we ýaşlara kompýuter boýunça bilim berilýär.
BILIM ULGAMYNY ÖSDÜRMEK
