Bedew bady bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgerip, gözellige beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap köpgatly ýaşaýyş toplumlarynyň, häzirki zaman myhmanhanalaryň, seýilgähleriň, medeni-durmuş, saglyk, ylym, bilim we beýleki maksatly bina edilen desgalaryň hatary barha artýar. Bu gurulýan binalar diňe daşky gurşawynyň gözelligi bilen tapawutlanman, eýsem, içki bezegleri, gözellik we oňaýlylyk babatda dizaýn sungatynyň kämil derejesini hem görkezýär. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumynyň dizaýn aýratynlygy köpleri haýran galdyrýar. Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu desga ak mermerli paýtagtymyzyň batly depginlerdäki ösüşiniň aýdyň şöhlelenmesidir.
Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Şeýle hem, soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren, çäkleri barha giňelýän we gözelleşýän, täsin binagärlik keşbi hem-de gaýtalanmajak dizaýn sungaty, sazlaşykly gözelligi bilen göreni haýrana goýýan, günsaýyn pajarlap ösýän paýtagtymyzyň binalarynyň ençemesi bu kitaba girizildi. Ak şäherimiz Aşgabadyň şeýle ajaýyplyklary halkymyzyň Arşa göterilen bagtynyň nyşany bolup, älem-jahana şuglasyny saçýar. Onuň şanyna şahyrlar çeper şygyrlary, kompozitorlar şirin mukamlary döredip, wasp edýärler.
Paýtagtymyzda gurulýan seýilgähleriň, desgalaryň gözegelüwliligine diňe bir raýatlarymyz däl, eýsem, ýurdumyza gelýän myhmanlar hem ýokary baha berýärler. Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde «Daşkent» dynç alyş seýilgähi dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Bu täze desga hem iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalanyp, barha berkeýändiginiň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklaýan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
Goý, berkarar Diýarymyzyň şöhratly şu güni we geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän, mähriban halkymyza bagtyýar durmuşy bagyş edýän, işlemäge, okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Abdysalam KLYÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

RU












