Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly syýasaty netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlarda özara utgaşyklylykda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Biz muňa diňe awgust aýynyň içinde ýokary depginde başy başlanan hem-de tamamlanan gurluşyklaryň, halkara derejesinde geçirilen netijeli forumlaryň, milli ýörelgelerimizi, taryhy köklerimizi dikeltmek, dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylan giň gerimli işleriň beýanynda hem göz ýetirdik.
Taryh gatlarynda mynasyp orna dahylly bolan seneler hiç wagt ýatdan çykmaýar. Şu nukdaýnazardan 1-nji awgust hem şeýle şanly seneleriň birine öwrüldi. Has dogrusy, bu senede soňky ýyllarda türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgeren ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň iň uly syýahatçylyk zolagyna öwrülen Awaza ak mermerli kaşaň myhmanhanalary, kottej şäherçeleri, ýaht-klublary, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary, dynç alyş seýilgähleri bilen gören gözleri özüne bendi edýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi bolsa ildeşlerimizde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge bolan mümkinçilikleriň täze tapgyryny emele getirdi. Bu ýer bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyplydyr. 240 maşgala niýetlenen kottej şäherçesi 10 gektar meýdanda ýerleşip, onuň çäginde sport we çagalar üçin oýun meýdançalar, ýüzmek üçin açyk howuzlar, ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün edilen restoranlar ýerleşýär. Öýleriň her biri milli bezeg aýratynlyklaryna kybap ýerine ýetirilipdir. Bir söz bilen aýdylanda, «Rowaç» kottejler toplumy öz myhmanlary üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň döwrebap dynç almaklary üçin amatly şertleri döredýär.
Ýurdumyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge degişli meselelere uly üns berilýär. Häzirki wagtda ýaş nesil üçin döwrebap bilim edaralary, sport we dynç alyş merkezleri toplumlaýyn gurulýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş toplumlary diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki şäherdir obalarynda-da gurulýar. 5-nji awgustda Esenguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi hem ýurdumyzda çagalar babatda durmuşa geçirilýän strategik döwlet maksatnamalaryň üstünlikli amal edilýändigini alamatlandyrdy. Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Bu günki günde bagtyýar çagalaryň çäksiz şatlygy hem-de alyslardan eşidilýän şadyýan gülküleri döwlet Baştutanymyzyň biziň umyt-arzuwlarymyz hem-de bagtyýar geljegimiz bolan ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdynlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hazaryň kenarynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasynyň bolandygy-da aýratyn guwandyryjy wakadyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça özgertmeleriň täze tapgyry durmuşa geçirilýär. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulmagy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamynyň kemala getirilmegi munuň has aýdyň netijesidir.
Bu gün Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny — asyrlaryň jümmüşine uzaýan ýollary işjeň we üstünlikli gaýtadan dikeltmegi dowam edýär, sebitde düzümleriň özara baglanyşyklylygy, häzirki zaman awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ugurlary görnüşindäki serhetüsti ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatynyň doly peýdalanylmagyna, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen bu taslama ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da gönüden-göni ýardam berer.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda özara gatnaşyklar meselelerinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde işjeň orny eýeläp, sebit we transkontinental möçberde köp şahaly utgaşykly döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirýär. Bularyň hemmesi ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň maksatlaryna hyzmat edýär.
Mahlasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze menzillerini külterleýär. Bu bolsa ýurdumuzda bir hakykatyň has açyk şöhlelenmegine getirýär. Ol hakykat bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän adam hakyndaky aladadyr. Bagtyýarlygyň säher kybap hoşnutlygyndan ganyp ýaşaýan halkymyzyň kalby bu gün şol alada bolan çäksiz alkyşdan, ýagşy arzuw-niýetden doly. Goý, bize şeýle eşretli zamananyň bagtyny duýup ýaşamaga örän uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýtäç NEJIÝEWA,
Gülşat MELÄÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyplary.

RU












