Greýpfrut — miwesi bedendäki artykmaç ýaglaryň harçlanmagyna itergi berýändigi üçin ony horlanmak maksady bilen berhizli iýmitlenişde ulanmak maksada laýykdyr. Greýpfrutyň iň gowusy, tagamlysy, peýdalysy gyzylydyr. Onuň şiresi derini agardýar, ýüzüň derisine owadan öwüşgin berýär. Şonuň üçin, şireden alynýan peýdaly maddalary gözellik serişdelerine goşýarlar. Ýeri gelende aýtsak, greýpfrutyň derman serişdeleriniň köp görnüşleri bilen utgaşmaýandygyny bellemeli. Antibiotikleri, antidepressantlary, gandaky holesteriniň derejesini peseldýän derman serişdelerini ulanýan syrkaw tä bejeriş gutarýança bu miwäni iýmekden saklanmalydyr. Miwe dilimleriniň arasyny bölýän germewleriň ajy bolýandygy üçin greýpfruty çaý çemçesi bilen iýmek maksada laýykdyr.

Ogulnur AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.