Halkara giňişliginde ýurdumyzyň milli-döwlet bähbitlerini yzygiderli goramak, döwletiň we jemgyýetiň parahatçylykly hem-de durnukly ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan baş ugry bolup durýar. Türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň, onuň dünýädäki abraýynyň barha artmagynyň we ornunyň berkemeginiň esasynda, ilkinji nobatda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ählumumy döwlet syýasaty durýar.
Bitarap Türkmenistan asylly ýörelgelere pugta eýerip, ýurtda, sebitde hem-de dünýäde asudalygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz döwletimiziň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiz özüniň geosyýasy, ykdysady kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalary edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzyň howpsuzlygynyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, döwletimiziň özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini gorap saklamak hem-de berkitmek bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşiginiň tagallalaryna işjeň ýardam bermegini yzygiderli dowam edýär. Ata Watanymyzyň ösüş ýolunda Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagy dünýä döwletlerine laýyk gelýän teklipleri we başlangyçlary öňe sürmeginde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Çünki türkmen halky goňşy döwletler bilen ylalaşykda ýaşamaga ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk hem-de iki taraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biziň döwletimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde daşary ýurt tehnologiýasynyň tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden ornaşdyrmak arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürýär. Diňe bir öz halkymyzyň geljekki gülläp ösüşlerinde halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän tutuş dünýä döwletleriniň dost-doganlyk gatnaşyklary bilen asuda parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmegi nazarlamak türkmen döwletiniň hukuk binýadynyň sarsmaz sütüni bolup durýar.
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň özeni bolupdyr we şeýle bolmagynda hem galýar.
Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolup, parahatçylygy, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän Bitaraplyk syýasaty mundan beýläk hem dabaralansyn!
Akmuhammet GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.